Tagam, syýahatçylyk we güýmenje barada maglumatlar berýän “Time Out” žurnaly bu ugurlarda dünýäniň iň gowy 37 şäherini saýlady. Birinji ýeri ABŞ-nyň San-Fransisko şäheri eýeledi. Sanawyň ilkinji hatarynda Amsterdam (Niderlandlar), Mançester (Angliýa), Kopengagen (Daniýa) we Nýu-Ýork (ABŞ) bar. Şeýle hem ilkinji onluga Monreal (Kanada), Praga (Çeh Respublikasy), Tel Awiw (Ysraýyl), Porto (Portugaliýa) we Tokýo giripdir.