Angliýanyň Premier Ligasynda Liwerpul myhmançylykda Lids toparyndan 3-0 üstün çykdy. Duşuşykda gollary 20-nji minutda Salah, 50-nji minutda Fabinio hem-de 90+2-nji minutda Mane öz atlaryna ýazdyrdylar. Şeýlelikde, müsürli hüjümçi Mohamed Salahyň Premier Ligada geçiren gollarynyň sany 100-e ýetdi. Ol Premier Ligada 100 gol geçiren 29-njy futbolçy boldy. Salah 100 goluň 98-sini Liwerpulda, 2-sini hem Çelside geçiripdi. Şeýle-de Salah Premier Ligada iň köp gol geçiren 2-nji afrikaly futbolçy bolup, ol 105 golly Didie Drogbadan häzirlikçe yzda barýar. Möwsümiň ahyryna çenli şikes almasa, Salahyň iň netijeli afrikaly futbolçylar sanawynda 1-nji orna, şeýle-de, Premier Liganyň iň netijeli oýunçylary sanawynda-da ilkinji 20 futbolçynyň arasyna goşulmagyna garaşylýar. Ýeri gelende aýtsak, Salahyň topardaşy Sadio Mane hem ýene 3 gezek tapawutlansa, ol hem adyny bu arzyly sanawa ýazdyrar. Maneniň 97 goly bar (76-sy Liwerpulda, 21-si Southemptonda).
Angliýanyň Premier Ligasynda şu wagta çenli 30 futbolçy 100 we 100-den köp gol geçirdi. 1992/93 möwsüminden bäri, ýagny çempionatyň ady Premier Liga diýlip üýtgedileninden soň, jemi 30 futbolçy bu sanawa adyny ýazdyrdy. Sanawyň başynda rowaýaty iňlis hüjümçisi Alan Şirer bolup, ol 260 gol geçirdi (441 oýunda). Oňa iň golaý futbolçy 208 gol bilen Weýn Runidir. Şirer hem-de Runi 200 goldan geçen iki futbolçydyr. 3-nji orunda-da iňlis hüjümçisi Endi Koul bolup, ol 187 gezek derwezäni sarsdyrdy. 10 möwsümde 184 goly öz adyna ýazdyran argentinaly Serhio Aguero 4-nji orny eýeleýär. Ol şol bir wagtyň özünde iň netijeli daşary ýurtly futbolçydyr. 177 gol geçiren ýarymgoragçy Frank Lampardyň ady sanawda 5-nji ýerdedir. 175 golly Tierri Anri 6-njy, häzirki wagtda çykyş edýän Harri Keýn 166 gol bilen 7-nji, şeýle-de Robbi Fowler (163 gol), Jermain Defo (162 gol) hem-de Maýk Owen (150 gol) ilkinji onlugy jemleýän futbolçylardyr. Karýerasyny dowam etdirýän futbolçylardan Jeými Wardi 120 gol bilen 18-nji, 116 gezek tapawutlanan Romelu Lukaku 20-nji ýerde barýar. Iki futbolçynyň-da sanawda öňdäki orunlara geçjekdigini anyk aýdyp bileris.