Tokio 2020 tomusky Olimpiýa oýunlarynda eden etmişi üçin alžirli dzýudoçy Fethi Nurine 10 ýyl jerime berildi. Ol 10 ýyllap sportdan daşlaşdyryldy. Mälim bolşy ýaly, Fethi Nurin Tokio 2020-de 73 kg agramda çykyş edipdi. Ol 1/32 finalynda ysraýylly Tohar Butbul bilen öz beýanatyna görä, Palestina goldaw maksatly göreşmekden ýüz öwrüpdi. Halkara dzýudo federasiýasy-da şol mynasybetli türgen we onuň tälimçisi Amar Beniklef barada iş gozgapdy. Şol gozgalan işiň netijesi tamamlanyp, Halkara dzýudo federasiýasy türgeniň eden bu etmişini “Olimpiýa oýunlarynyň çäginde syýasat we diniň propaganda” edilendigini nazarda tutup, türgen hem-de tälimçisini 10 ýyllap sportdan çetleşdirdi.
Fethi Nurin 2019-njy ýylda Tokioda geçirilen Dünýä çempionatynda-da şeýle hereket edip, ýaryşdan çekilipdi.