Amerikanyň “Time” žurnaly 2021-nji ýylda dünýäniň iň täsirli adamsynyň 100-siniň sanawyny çap etdi. Žurnal 100 abraýly adamy “titanlar”, “täzelikçiler”, “aýdymçylar”, “Liderler”, “oýlap tapyjylar” we “senemler” kategoriýalaryna böldi.
Bu ýyl “liderleriň” arasynda BSG-niň başlygy Ngozi Okonjo-Iweala, Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi, Italiýanyň we Ysraýylyň Premýer-ministrleri Mario Dragi we Naftali Bennet, ABŞ-nyň kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezleriniň başlygy Roşel Walenskiý, Salwadoryň Prezidenti Naýýib Bukele we Owganystan hökümetiniň Premýer-ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji molla Abdul Gani Baradar bar. Bu kategoriýanyň sanawynda yzly-yzyna ikinji ýyl Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden, ABŞ-nyň öňki Prezidenti Donald Tramp, Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi, ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris orun aldylar.
“Time” žurnaly “Apple”-iň baş direktory Tim Kuky, çeper gimnastika boýunça dört gezek Olimpiýa çempiony amerikaly Simony Baýlzy, ABŞ-ly iň meşhur atlet Allison Feliksi we beýlekileri “titan” ýagny “meşhur adamlar” diýip atlandyrdy.