Türkiýäniň demirgazyk-günbataryndaky Bursa şäheri 2022-nji ýylda türk dünýäsiniň medeni paýtagty hökmünde öňe saýlandy.

Bu karar, TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň hemişelik geňeşiniň medeniýet ministrleriniň Özbegistanyň Hywa şäherinde geçirilen 38-nji mejlisiniň netijelerinden soň kabul edildi.

Çärä gatnaşan Türkiýäniň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý Bursany dalaşgär görkezdi we bu şäheriň bir wagtlar Osman döwletiniň paýtagty bolandygyny we taryhy we binagärlik mirasy, tebigy gözelligi bilen myhmanlary özüne çekýändigini aýtdy.

-Bursa 2022-nji ýylda türk dünýäsiniň medeni paýtagty bolar ýaly goldawyňyza garaşýarys. Bursa hem Hywa, Eskişehir we Kastamonu ýaly türk dünýäsiniň medeni paýtagtlarynyň arasynda möhüm orny eýelejekdigine ynanýaryn – diýip, ol belledi.

Çärä gatnaşyjylar türk ministriniň teklibini kabul etdiler, Bursa şäheri 2022-nji ýylda türk dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi.

Duşuşykda gyrgyz ýazyjysy Toktobolot Abdumomunowyň we azerbaýjan kompozitory Fikret Amirowyň 100 ýyllygy mynasybetli, şeýle hem meşhur türk sopysy Süleýman Çelebiniň aradan çykmagynyň 600 ýyllygy mynasybetli ýatlama çäreleri geçirmek kararyna gelindi.