Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi sebitdäki, hususan-da goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary ýurduň ilkinji nobatda ileri tutýan ugry diýip atlandyrdy. Bu barada IRNA habarlar agentligi mälim etdi.
-Täjigistana boljak sapar Eýran bilen medeni, ykdysady we syýasy gatnaşyklarda täze bir sahypany açar – diýip, Ebrahim Raisi, Mehrabad howa menzilinden Duşanbe ugramazyndan öň aýtdy.
Prezidentiň sözlerine görä, Täjigistanyň paýtagtyna amala aşyrýan sapary täjik kärdeşiniň ŞHG-niň liderleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin ugradan çakylygy boýunça amala aşyrylýar.
Raisi bu saparyň dowamynda taraplaryň arasynda ykdysady, oba hojalygy we hukuk ugurlary boýunça birnäçe şertnama gol çekiljekdigini aýtdy.
-Sebit hyzmatdaşlygyna ähmiýet berýäris we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy sebit hyzmatdaşlygy üçin iň işjeň guramalaryň biri hasaplanýar – diýip, ol belledi.
Ebrahim Raisi Aziýa ýurtlary bilen ykdysady hyzmatdaşlygy hökümetiniň esasy syýasy ugry diýip belledi. Raisi Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirjekdigini tassyklady.