Nýu-Ýork ştatynyň senaty 2035-nji ýyla çenli adaty ýangyç bilen işleýän awtoulaglaryň satuwyny gadagan edýän kanuny tassyklady. Kanunyň ýyladyşhana gazlaryny 35 göterim azaltmaga ýardam etjekdigi bellenilýär. Şeýle hem bu kanun ştatyň howa bilen bagly öňde goýlan maksatnamalarynyň biri bolan 2050-nji ýyla çenli ýyladyşhana gazlarynyň 85 göterim azaldylmagyna ýardam eder.
Häzirki wagtda ştatda satylýan täze ulaglaryň, takmynan, 1 göterimini elektroulaglar emele getirýär. Täze kanunda 2045-nji ýyla çenli orta we agyr ulaglaryň hem alternatiw energiýa çeşmeleri bilen işleýän bolmagy talap ediler.
Ştatyň ýolbaşçylary daşky gurşaw bilen bagly maksatnamalarda bellenen sepgide ýetmek üçin elektroulag öndürýän kompaniýalar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýärler.
Şeýle hem şäherde elektroulaglara zarýad berýän beketleriň ýaýbaňlandyrylmagy göz öňünde tutulýar. Ýaşaýyş jaýlarynyň golaýynda, marketlerde, söwda merkezlerinde we awtoduralgalarda zarýad beriji nokatlar goýlar.
Geçen ýyl Kaliforniýada hem 2035-nji ýyla çenli adaty ýangyçly ulaglaryň satuwyny çäklendirmek baradaky kanun güýje giripdi. Massaçussetsde hem şeýle karara gelindi.
Abat Berdiýewa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.