Howanyň maýlamagynyň öňüni almak üçin dürli taslamalar durmuşa geçirilýär. Dürli ugurlarda energiýanyň we çig malyň tygşytlanmagy, zaýaçylygyň öňüniň alynmagy, ulanyşdan galan zatlaryň gaýtadan çig mal hökmünde peýdalanylmagy, ýaşyl zolaklaryň artdyrylmagy ýaly çäreler global maýylganlygyň öňüni almakdaky esasy çäreler hasaplanýar. Şeýle çäreleriň çäklerinde howadaky kömürturşy gazyny ýygnap, ýeriň aşagynda saklaýan desgalar hem bar. Bu desgalaryň iň ulusy Islandiýada işe girizildi. Desga her ýylda 4 müň tonna kömürturşy gazyny arassalar. Bu görkeziji 790 awtoulagyň çykarýan zyýanly gazyna barabar.
Halkara Energiýa Agentliginiň (IEA) maglumatlaryna görä, geçen ýyl 31,5 milliard tonna kömürturşy gazy emele gelipdir. Howadaky zyýanly gazy emeli usullar arkaly ýygnamak alymlar tarapyndan teklip edilýän usullaryň biridir. «Orca» atly bu desga aýlanýan perleriň we süzgüçleriň kömegi bilen howadaky hapa gazlary ýygnaýar. Soňra bolsa suwa garyp, ýeriň aşagyna iberýär. Wagtyň geçmegi bilen hem garyndy gataýar.
Bilermenler şeýle desgalaryň häzirlikçe gymmada düşýändigini, tehnologiýanyň ösmegi we sanynyň artmagy netijesinde bahasynyň arzanlajakdygyny aýdýarlar.
IEA-nyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda Ýer ýüzünde şeýle desgalaryň 15 sanysy bolup, olar her ýylda 9 müň tonnadan gowrak kömürturşy gazyny tutýar.
ABŞ-nyň «Occidental» atly nebit kompaniýasy hem Tehasdaky nebit käniniň golaýynda her ýylda bir million tonna kömürturşy gazyny ýygnaýan has uly desgany gurýar.