16-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Köpetdag şaýolunyň ugrunda bina edilen täze Döwlet münberiniň toplumy açyldy.
Ýurdumyzyň taryhyndaky şanly seneler mynasybetli dabaraly çäreleriň geçiriljek ýeri bolan bu toplum Aşgabadyň günorta böleginde kemala gelýän täze edara ediş-medeni merkeziň ajaýyp binagärlik toplumy bilen sazlaşykly utgaşdy.
Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy baýramçylyk äheňinde gurnalan, ak reňkli howa şarlary bilen bezelen derwezäniň öňündäki meýdançada saklanýar.
Dabaraly pursat gelip ýetýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesýär. Şeýlelikde, Döwlet münberi açylýar. Şol pursatda dürli reňkdäki howa şarlary asmana uçurylýar.
Milli Liderimiz Döwlet münberiniň binasyna barýar we onuň gurluşynyň hem-de bezeginiň aýratynlyklary bilen tanyşýar.
Täze desganyň ajaýyp keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri hem-de häzirki zamanyň binagärlik çözgütleri ajaýyp sazlaşygy emele getirýär.
Kaşaňlygy bilen haýran galdyrýan toplumyň umumy meýdany 20 müň 450 inedördül metre barabardyr, granit we ak mermer bilen örtülen bu toplum üsti gümmezli iki gatly binany, Prezident münberini hem-de myhmanlar üçin niýetlenen 2 müň orunlyk münberi öz içine alýar.
Bu ýerde dabaralar üçin niýetlenen, mermer bilen bezelen giň holl, myhmanlary kabul etmek hem-de dabaraly çäreleri geçirmek üçin niýetlenen zallar bar. Bezeglerde ulanylan milli öwüşginler hem-de hyzmat ediş zolagy bu desgalaryň tapawutly aýratynlygy bolup durýar.
Ýörite enjamlar, sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze toplumda köpçülikleýin çäreleri geçirmek hem-de olary onlaýn görnüşde şöhlelendirmek üçin ähli şertler döredilipdir.
Münberiň öňünde granit daşy bilen örtülen meýdança ýerleşýär. Onda dabaraly harby ýörişler hem-de ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň we durmuş toplumynyň gazanýan üstünlikleriniň gözden geçirilişi, şol sanda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçiriler.
Şeýle hem münbere gelýän üç kilometre golaý ýol çekildi. Onuň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryldy, dürli görnüşli bag nahallary oturdyldy, bezeg gülleri ekildi, şeýle hem oňa ýanýoda çekildi we özboluşly yşyklandyryş ulgamy ornaşdyryldy.
Bu ýerde Merkezi Aziýada iň uly 120 metrlik LED ekrany hem-de 8 sany 30 metrlik maçtalar oturdyldy. Mundan başga-da, merkezi binanyň günorta tarapynda dikuçar meýdançasy, awtoduralgalar we beýleki desgalar guruldy.
Köpöwüşginli çykyşlar soňky döwürde baýramçylyk dabaralarynyň esasyny düzýän dronlaryň şüweleňiniň ýatdan çykmajak pursatlary döredýändigini görkezdi. Dronlaryň şüweleňiniň feýerwerkleriň dürli reňkli öwüşginleri bilen utgaşmagy Döwlet münberi toplumynyň açylyş dabarasy mynasybetli guralýan çäreleriň ýatdan çykmajak pursatlara baý bolmagyny şertlendirdi.