Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 2022-nji ýylda Respublikada Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ykdysady forumyny geçirmegi teklip edip, ŞHG-niň senagat hyzmatdaşlygy maksatnamasynyň kabul edilmegini çaltlaşdyrylmalydygyny öňe sürdi.

-Şeýle-de geljek ýyl Özbegistanda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ykdysady forumyny we guramanyň senagat innowasiýalarynyň hepdeligini geçirmäge taýýardyrys – diýdi.

Özbegistanyň Prezidenti ŞHG-niň senagat hyzmatdaşlygy maksatnamasynyň kabul edilmegini çaltlaşdyrmagyň möhümdigini aýtdy. – Ony durmuşa geçirmegiň amaly mehanizmi biziň ýurtlarymyzda hyzmatdaşlyk merkezleriniň döredilmegi bolar – diýip, Mirziýoýew sözüniň üstüne goşdy.

ŞHG 2001-nji ýylda Hytaýyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň ýolbaşçylary tarapyndan döredilen halkara guramadyr. ŞHG-niň synçy ýurtlary Owganystan, Belarus, Eýran we Mongoliýa, hyzmatdaş ýurtlar Azerbaýjan, Ermenistan, Kamboja, Nepal, Türkiýe we Şri-Lanka. 2021-nji ýylda bu gurama Täjigistan ýolbaşçylyk edýär.