“Samsung”, Huawei”, “Motorola” we beýleki käbir kompaniýalar birnäçe ýyldan bäri eplenýän enjamlary satuwa çykarýarlar. Mobil enjam önümçiliginde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolan “Apple” bu ugurda entek hiç hili ädim etmedi. Amerikan brendiniň ilkinji eplenýän “iPhone”-ynyň 2023-nji ýylda satuwa çykjakdygy bellenilýär. Kompaniýanyň “Galaxy Z Fold” we “Galaxy Z Flip” dizaýnyna meňzeş iki sany smartfonyň üstünde işleýändigi aýdylýar. Çeýe paneli üçin LG kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edýän “Apple”-iň ilkinji eplenýän smartfonynyň ekrany 7,5 dýuým bolar. Kompaniýa 2023-nji ýylda 90 million, 2025-nji ýylda bolsa 100 million eplenýän smartfon çykarar.