“Toyota”-nyň 2007-nji ýyldan bäri öndürilýän “Tundra” modeliniň täze nusgasy tanyşdyryldy. Daşky dizaýny we enjamlaşdyrlyşy düýbünden üýtgedilen kuwwatly ulagyň öň tarapyndaky howa çekiji giň deşikler BMW-ni ýatladýar. Kuwwaty 437 at güýjüne barabar bolan “Tundra” pikapsöýüjileriň göwnünden turjaga meňzeýär. 2022-nji ýyla degişli model “Ford F-150” ulagyna hem çalym edýär. Ýapon brendiniň bu ulagy iki görnüşli motorlysy bar.
Ulagyň motor saýlawynda kuwwaty 386 at güýjüne barabar V6 seriýasyna degişli goşa turboly 3,5 litrlik hem-de 437 at güýjüne barabar 10 basgançakly tizlik geçirijili awtomat gutusy bolan “i-Force Max” gibrid görnüşlisi bar.
Ulagyň içki dizaýnynda täzelenen multimediýa güýmenje ulgamy, 8 dýuýmlyk ekran bar. Kompaniýa geljekde öndürjek “Tundra”-laryna 14 dýuýmlyk ekran oturtjakdygyny mälim edýär. “Apple Car” we “Android Auto” goldawy hem berilýän multimediýa ulgamy geljekde “Amazon Music” we “Apple Podcast” aýratynlyklaryna hem eýe bolar.
Ulagyň bahasynyň 40-60 müň dollar aralygynda bolmagyna garaşylýar.