Ýewropa çempionatyny şowsuz tamamlan futbol boýunça Türkiýäniň ýygyndysynda golaýda baş tälimçi Şenol Güneş wezipesinden boşadylypdy. Ýurduň federasiýasy onuň ornuna germaniýaly Stefan Kuntzuň wezipä bellenendigini resmi ýagdaýda habar berdi. 58 ýaşyndaky tälimçi 3 ýyllyk şertnama baglaşdy. Ol mundan öň Germaniýanyň ilki U21, şu ýylda-da U23 toparyna tälim berýärdi. Bohum, Kaizerslautern, Beşiktaş, Arminia Biefeld ýaly klublarda oýnan Kuntz milli ýygyndyda hem 25 oýunda 6 gezek tapawutlanypdy.
Kuntzuň 2 ýerli kömekçisi bolup, olaryň kimler boljakdygy öňümizdäki günlerde belli bolar.