Soňky wagtlarda köp ýurtda koronawirusa garşy sanjymyň üçünji dozasynyň gerekliligi barada maslahat edilýärdi. Ýaponiýada isleg bildirýän raýatlaryň üçünji doza sanjymy almagyna rugsat berildi. “Kyodo” agentliginiň ýurduň Saglygy goraýyş ministrligine salgylanyp berýän habarynda ýokanjyň täze ştammlary bilen göreşmek maksady bilen şeýle netijä gelnendigi aýdylýar. Saglygy goraýyş ministrligindäki ýörite topar bu barada maslahat edipdir. Netijede, iki doza “Pfizer”, “Moderna” ýa-da “AstraZeneca” sanjymyny alanlaryň islän halatynda, şol bir sanjymyň üçünji dozasyny almagyna rugsat berlipdir. Bu sanjymyň haçan urlup başlanjakdygynyň ýakynda mälim ediljekdigi aýdyldy.
126 million ilaty bolan Ýaponiýada şu ýylyň fewralynda “Covid-19” ýokanjyna garşy sanjym edilip başlandy.