Pablo Pikassonyň gyzy Maya Ruis-Pikasso belli suratkeşiň sekiz sany meşhur eserini hem-de bir sany kitabyny miras salgydy hökmünde Fransiýa döwletine gowşurdy. Ispan suratkeşiň alty kartinasy we iki heýkeli dabaraly ýagdaýda Pariždäki Pikasso muzeýine tabşyryldy. Eserler 86 ýaşly Maýa Ruis-Pikassonyň mirasdüşerlik haklaryny tölemegini üpjün edýär.
Suratkeşiň adyny göterýän muzeýdäki dabara Fransiýanyň medeniýet ministri Rozlin Başlo we ykdysadyýet ministri Brýuno Le Mer hem gatnaşdylar. Başlo bagyş edilen eserleriň soňky onýyllyklaryň dowamynda muzeýe berlen iň möhüm sowgatlardygyny belledi.
Muzeýe gowşurylan eserleriň arasynda Maýanyň çagalygyny suratlandyrýandygy çaklanylýan “Oturgyjyň aşagynda oturan horazsüýjüli çaganyň” suraty hem bar.
Kartinalaryň iň könesi 1895-nji ýylda döredilipdir. Bu suratda suratkeş bolan kakasy Don Hose Ruisiň portreti hem bar. Eserleriň iň täzesi bolsa, suratkeşiň 91 ýaşynda, ölmezinden iki ýyl ozal – 1971-nji ýylda çekilen “Bir adamyň kellesi” atly surat hem bar.
Sowgat edilen eserler indiki ýylyň aprelinden başlap, sungat ussadynyň dünýädäki iň uly kolleksiýasy bolan Pikasso muzeýinde görkeziler.
20 müň töweregi işiň awtory bolan belli suratkeş eserleriniň gymmaty boýunça birinji ýerde durýar. Onuň eserleri her ýylda geçirilýän auksionlarda millionlarça dollarlyk girdeji getirýär. Ispaniýanyň Malaga şäherinde dünýä inen Pikasso birnäçe ýyllap Fransiýada ýaşaýar. 1985-nji ýylda Parižde, 2003-nji ýylda Malagada Pikasso muzeýi açylýar. Bu muzeýlerde suratkeşe degişli dürli eserler, resminamalar, heýkeller, suratlar we litografiýalar saklanýar.
1881-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Malagada dünýä inen Pikasso, 1973-nji ýylyň 8-nji aprelinde Fransiýanyň Mužen şäherinde aradan çykýar.