BMG-niň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 76-njy mejlisiniň çäginde Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi, ýurdunyň içeri we daşary syýasaty barada durup geçip, Eýranyň ähli ýurtlar, hususan-da goňşy ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlyga tagalla etjek täze eýýamynyň başlandygyny aýtdy.
-Dünýäniň ähli ýurtlary, esasan hem, goňşy ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlyga we özara gatnaşyklara tagalla ederis. Eýran Yslam Respublikasy, Eýran halkynyň ähli hukuklaryny we bähbitlerini aýgytly gorap, dünýä bilen giň ykdysady we syýasy hyzmatdaşlygy ýola goýmaga çalyşýar – diýip Raisi belledi.
Eýran Yslam Respublikasy has gowy dünýä döretmekde öz wezipesini ýerine ýetirmäge taýyn. Parahatçylyk, oýlanşyklylyk, adalat, erkinlik, ahlak we ruhy gymmatlyklar esasy ýörelgämiz bolar – diýip, Raisi sözüni soňlady.