Her ýylyň 23-nji sentýabrynda “Üm arkaly gepleşmegiň halkara güni” hökmünde bellenilýär. Bu sene öz gözbaşyny 2017-nji ýylyň dekabr aýynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Bütindünýä kerler federasiýasynyň (World Federation of the Deaf, WFD), Halkara üm arkaly gepleşmegiň dili (International Day of Sign Languages) baradaky kabul eden kararyndan alyp gaýdýar. Şondan soňra her ýyl Ýer ýüzünde bellenilip geçilýär.
Bu günüň bellenilmeginiň maksady bolsa dünýädäki eşitmäge ukyby bolmadyk millionlarça adamyň durmuşynda örän uly ähmiýetiniň bardygyny görkezýär.
Üm arkaly gepleşmegiň halkara gününiň senesi 1951-nji ýylyň 23-nji sentýabrda Bütindünýä kerler federasiýasynyň döredilen güni bilen baglanyşyklydyr. Bu guramanyň bellemegine görä, dünýäde eşitmäge ukyby bolmadyk 72 milliondan gowrak adam bar, olar üçin daş-töweregindäkiler bilen aragatnaşyk saklamagyň esasy görnüşi üm hereketi bilen gürleşmegiň dilidir. Birleşen Milletler Guramasy bu senäni yglan etmek bilen, eşidiş kemçiligi bolan adamlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny durmuşa geçirmekde üm hereketi dilleriniň örän möhümligine üns çekýär. Dünýäniň dürli şäherlerinde her ýyl sentýabr aýynda Bütindünýä kerler hepdeliginiň we Halkara üm hereketi dili gününiň döredilmegine bagyşlanyp çäreler geçirilýär.
Gunça HAMEDOWA,
Türkmenistanyň DIM-niň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.