20-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we
birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Giňişleýin mejlise Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri çagyryldy.
Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň ýetip gelýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz hemmeleri şanly sene — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady we mundan 30 ýyl ozal dünýäniň syýasy kartasynda Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň peýda bolandygyny belledi. Şu döwürde ýurdumyzda dünýä ýaň salan ägirt uly işler bitirilip, ähli ugurlarda asyrlara barabar ýol geçildi.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda, mähriban halkymyzyň aň-düşünjesinde ägirt uly özgerişler bolup geçdi. Döwlet Garaşsyzlygy milli ruhy we maddy gymmatlyklarymyzy dikeltmäge, müňýyllyklardan gözbaş alyp, nesilden-nesle geçip gelýän parahatçylyk, dostluk we belent ynsanperwerlik däplerimizi Ýer ýüzünde giňden dabaralandyrmaga mümkinçilik berdi.
Biz mähriban halkymyzyň jebisligine, agzybirligine, ägirt uly döredijilik we zähmet başlangyçlaryna, ýurdumyzyň kuwwatly mümkinçiliklerine daýanyp, berkarar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, her bir raýatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli amala aşyryp, bäsleşige ukyply ykdysadyýetiň milli nusgasyny döretdik diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Garaşsyzlyk ýyllarynda şäherdir obalarymyzy düýpli özgertmek baş maksadymyza öwrüldi. Şu belent maksatdan ugur alnyp, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglarydyr saglyk merkezleri, önümçilik we durmuş maksatly iri kärhanalar, häzirki zaman ulag, aragatnaşyk ulgamlaryny öz içine alýan döwrebap etraplar, şäherdir obalar giň gerimde guruldy.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmagyň ýolunda döwrüň möhüm wezipelerini çözmekde halk köpçüliginiň orny has-da ýokarlandy. Türkmenistanyň iki palataly Milli Geňeşini döretmek bilen, ýurdumyzyň iň täze taryhyna şöhratly sahypalar ýazyldy.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi bolsa merdana halkymyzyň milli däplere we demokratik ýörelgelere ygrarlydygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.
Berkarar döwletimiz özbaşdak ösüş ýoluna düşen ilkinji günlerinden bütin dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda halkara gatnaşyklarda uly üstünlikleri gazandy. Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilmegi, sebitde ylalaşdyryjy merkeze öwrülmegi, Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy döwletimiziň at-abraýynyň barha ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýän wakalar boldy.
Döwlet Baştutanymyz geçen 30 ýylyň berkarar Watanymyz, mähriban halkymyz üçin şan-şöhratly bolandygyny, berkarar döwletimiziň binýadyny has-da berkitmek, halkara abraýyny yzygiderli ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwatyny artdyrmak üçin öňümizde has uly wezipeleriň goýlandygyny, ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly gadam urulýandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz watandaşlarymyzy şanly baýram bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şanly baýram mynasybetli günä geçmek çäresi
Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, hemişe bolşy ýaly, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen, eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň uly baýramlaryň öňýanynda günäsiniň geçilýändigini aýtdy we beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk, ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirip durýarys diýip belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy Ç.Amanowa söz berildi. Ol bu toparyň jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçiren işleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Permanlara gol çekdi. Oňa laýyklykda, iş kesilen raýatlarymyzyň 2058-si we daşary ýurtly raýatlaryň 6-sy Garaşsyz, berkarar Watanymyzyň şanly baýramy mynasybetli mundan beýläk jeza çekmekden boşadyldy.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Halk Maslahatyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülýär
Soňra Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk barada maglumat berdi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahaty, Ministrler Kabineti, ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we paýtagtymyzyň häkimlikleri, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde yzygiderli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Mejlisi guramaçylykly geçirmek boýunça meýilnama taýýarlanyldy, onda guramaçylyk meseleleri bilen baglanyşykly ähli çözgütler göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk barada maglumat berdi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň, milli Liderimiz tarapyndan öňe sürülýän oňyn halkara başlangyçlaryň ähmiýetini ilata ýaýmak boýunça guralýan wagyz-düşündiriş çärelerine işjeň gatnaşýandyklary bellenildi.Hormatly Prezidentimiz umumymilli foruma hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň, onuň gün tertibini taýýarlamaga jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekip, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň we jemgyýetimiziň hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgelerine ygrarlydygyna şaýatlyk edýän, Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan demokratik özgertmeleriň möhüm ähmiýetini nygtady.
Halkara maslahatlar geçiriler
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Özbegistan Respublikasy bilen netijeli, köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak we giňeltmek bilen baglanyşykly wezipeler barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna şu ýylyň 22-nji sentýabrynda Daşoguz welaýatynyň wekiliýetini Özbegistanyň Horezm welaýatyna, Lebap welaýatynyň wekiliýetini bolsa Buhara welaýatyna iş saparyna ibermek hakyndaky teklibi hödürledi.
Milli Liderimiz hödürlenen teklibi makullap, degişli Buýruga gol çekdi hem-de ony sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, DIM-niň ýolbaşçysy R.Meredowa iberdi we resminamadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegi üpjün etmek barada wise-premýere hem-de Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň häkimlerine anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri şu ýylda ýurdumyzda meýilleşdirilen halkara çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada-da hasabat berdi. Şolaryň hatarynda VI Hazar sammiti, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň 15-nji duşuşygy hem-de «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahat bar.
Hormatly Prezidentimiz meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyny belläp, degişli Guramaçylyk toparlaryny döretmek hakyndaky Kararlara gol çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisini hem-de ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli baýramçylyk çärelerini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň öňde boljak ýokary derejeli 15-nji duşuşygynyň ähmiýetine ünsi çekip, wise-premýere bu forumy ýokary derejede geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin böleklerinde we gözegçilik edýän Lebap welaýatynda Halk Maslahatynyň mejlisine hem-de döwlet Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyna ylmyň we tehnikanyň täze gazananlaryny, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagy işjeňleşdirmek barada anyk görkezmeleri berdi.
Baýramçylyk at çapyşygy guralar
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew oba hojalyk toplumyna degişli ministrlikde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hem-de gözegçilik edýän Daşoguz welaýatynda Halk Maslahatynyň mejlisine hem-de Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
28-nji sentýabrda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşygynyň geçiriljekdigi bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, mähriban Diýarymyzyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmegi üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gurluşyk-senagat toplumynyň düzümlerinde hem-de gözegçilik edýän Aşgabat şäherinde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk, hususan-da, bu forumy guramaçylykly geçirmek maksady bilen degişli gulluklaryň wekillerinden ybarat toparlary döretmek barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly senesi hem-de Halk Maslahatynyň mejlisi mynasybetli çäreleriň göwnejaý derejede guralmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow söwda toplumynda hem-de Ahal welaýatynda Halk Maslahatynyň mejlisine hem-de mähriban Diýarymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmek barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halk Maslahatyna gatnaşyjylaryň ählisini zerur bolan ähli zatlar, şol sanda ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň çykarýan ýokary hilli dokma, azyk, sowgatlyk hem-de beýleki önümler bilen üpjün etmegiň möhümdigini nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Halk Maslahatynyň mejlisine hem-de baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şanly wakalaryň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, Garaşsyzlyk ýyllarynda Diýarymyzda gazanylan ägirt uly üstünlikleri, bu gün döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan taryhy özgertmeleri döredijilikli açyp görkezmegiň zerurdygyny belledi.
Soňra çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew 25-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine hem-de ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çärelere taýýarlygyň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halk Maslahatynyň mejlisini hem-de şanly sene mynasybetli dabaralary guramaçylykly geçirmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Halk Maslahatynyň mejlisine hem-de Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag we aragatnaşyk ulgamynyň öňünde durýan esasy wezipelere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatlaryň, ilkinji nobatda, ýolagçy gatnatmak ulgamyndaky hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri güýçlendirmegi tabşyrdy.
Dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görülýär
Soňra Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryny, şol sanda Milli goşunymyzyň kuwwatyny hem-de goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ählisinde öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak boýunça geçirilýän işler barada sanly ulgam arkaly hasabat berdiler.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň baş baýramy mynasybetli öňde boljak dabaralara görülýän taýýarlyk işlerine ünsi çekip, harby ýörişiň döwletimiziň Ýaragly Güýçleriniň kämil tehnikalar bilen enjamlaşdyrylýandygyny, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň, ýurdumyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň, türkmenistanlylaryň abadan, döredijilikli durmuşynyň goragynda durýan türkmen esgerleriniň ýokary hünär derejesini hem-de ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmelidigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri çykyş edip, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda Halk Maslahatynyň mejlisini hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli meýilleşdirilen dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek ugrunda toplumlaýyn çäreleriň görülýändigi barada hasabat berdiler.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, milli senenamamyzyň şanly senesine gabatlanyp geçirilýän çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi we Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisini guramaçylykly geçirmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Döwlet sylaglary gowşurylar
Milli Liderimiz sözüni dowam edip, giňişleýin mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerine çekdi.
Berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly ýubileýi mynasybetli zähmetde tapawutlanan raýatlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak baradaky birnäçe Permana Halk Maslahatynyň mejlisinde gol çekiler. Şoňa görä-de, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygyna, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan dabaraly ýörişe täze orden-medallaryny dakynyp barar ýaly, sylaglanan raýatlaryň ählisine 26-njy sentýabrda irden mynasyp bolan döwlet sylaglaryny gowşurmak tabşyryldy. Şol günüň ikinji ýarymynda myhmanlary kabul edişlik dabarasy bolar. Agşamlyk bolsa uly Söwda merkeziniň açylyş dabarasy geçiriler.
27-nji sentýabrda irden täze Hökümet toplumynda dabaraly harby ýöriş geçiriler, agşamlyk bolsa sungat ussatlarynyň çykyşlary bolar.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz yhlasly zähmet çekip, gowy netijeleri gazanan welaýat we etrap häkimlerine bolsa, sylaglary pagta ýygymy tamamlanansoň gowşurylsa dogry boljakdygyny belledi. Däp bolşy ýaly, 28-nji sentýabrda irden Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda at çapyşyklary geçiriler.