BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň çäginde dünýä ilatynyň azyk üpjünçiligine bagyşlanan Azyk ulgamlary boýunça sammit geçirildi. Sammitiň dowamynda BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş azyk önümçiliginiň we sarp ediş usullarynyň täzeden gözden geçirmegiň wagtynyň gelendigini aýtdy. BMG-niň maglumatlaryna görä, şu günki günde üç milliard adam sagdyn iýmitlenip bilmeýär, iki milliard adam artyk agramdan ýa-da semizlikden ejir çekýär, ýarym milliard töweregi bolsa ýeterlik iýmitlenmeýär.

Baş sekretar dünýäde öndürilýän azyk önümleriniň üçden bir böleginiň hasyl ýygnalanda, ammarlara daşalanda we saklananda, şeýle-de söwdada we sarp edilende ýitirilýändigini ýa-da taşlanýandygyny aýtdy. BMG ekologiýa taýdan arassa iýmit ulgamlaryny döretmegiň zerurdygyna ynanýar we ähli ýurtlary bilelikde işlemäge çagyrýar.

Antonio Guterreş azyk ýetmezçiligine sebäp bolýan çynlakaý ýagdaýlary nazarda tutup, irki duýduryş ulgamlaryna maýa goýmagyň zerurdygyny belläp, hökümetleriň we hususy pudagyň sagdyn iýmitlere elýeterliligini gowulandyrmak üçin bilelikde işlemelidigini aýtdy. Sammite gatnaşyjylar köp ugurly azyk ulgamyny gurmagyň oba hojalygy innowasiýalary, şeýle-de, azyk çeşmelerine elýeterliligi giňeltmek we üpjünçilik zynjyrlaryny gurmak babatda ýakyn hyzmatdaşlygy talap edýändigini tassykladylar.

Şeýle-de Jo Baýdeniň administrasiýasy ABŞ-nyň açlyga garşy göreşmek we dünýäniň azyk ulgamlaryny güýçlendirmek maksady bilen jemi 10 milliard dollar bölüp berjekdigini, bu mukdaryň ýarysynyň ýurduň öz içiniň  zerurlyklarynda ulanylyp, galan 5 milliardynyň beýleki ýurtlara gönükdiriljekdigini mälim etdi. Sammitde ABŞ-nyň Oba hojalygy sekretary Tom Wilsak we ABŞ-nyň Halkara ösüş gullugynyň başlygy Samanta Power wekilçilik etdiler.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde geçirilen bu sammit 18 aýlyk işiň netijesi bolup, 148 ýurt has durnukly we köp taraply azyk ulgamlaryny döretmek maksady bilen milli strategiýalary işläp düzdüler.