Ýekşenbe güni Germaniýada Parlament saýlawlaryna ses bermek üçin saýlaw uçastoklary açyldy. Uçastoklar ýerli wagt bilen 8.00-da açyldy. “Exit poll”-yň netijeleri, saýlaw uçastoklary 18.00-da ýapylandan gysga wagtyň içinde mälim ediler.
Koronawirus pandemiýasy bellenilen tertibe düzedişler girizdi – bu gezek şahsyýetnama bilen birlikde sanitariýa düzgünlerine berk eýerilýär.
Bundestaga geçirilen saýlawlardan soň, täze Kansleriň baştutanlygynda Germaniýanyň täze hökümeti dörediler. Germaniýanyň Kansleri Angela Merkel 16 ýyl häkimiýet başynda bolanyndan soň saýlawlara gatnaşmaýar.
“Spigel” neşiriniň pikiriçe, takmynan, 60,4 million adam ses berip biler. Federal saýlaw komissiýasynyň habaryna görä, 47 syýasy birleşik öz dalaşgärligini hödürledi. German hökümetiniň başlygy wezipesine esasy dalaşgärler CDU/CSU-nyň syýasy bileleşigine wekilçilik edýän Merkeliň partiýasyndan Armin Lasşet, Germaniýanyň Sosial Demokratik Partiýasyndan (SPD) Olaf Şols we “ýaşyllardan” Annalena Berbok. Iň soňky pikir soralyşyklara görä, SPD öňde barýar.
Germaniýanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň deslapky resmi maglumatlary duşenbe güni agşam çap ediler.