Şu gün Türkmenistanda ýurduň baş baýramçylyklarynyň biri – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni dabaraly ýagdaýda bellendi.

Hormatly Prezidentimiň gatnaşmagynda “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet münberiniň toplumynda baýramçylyk dabarasy we harby ýöriş geçirildi. Harby ýöriş türkmen Watan goragçylarynyň ýokary hünär ussatlygyny nobatdaky gezek görkezdi. Harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümi ýöriş ussatlygyny, harby tehnikalaryň we ýaraglaryň nusgalaryny görkezdiler.

Baýramçylyk ýörüşine parlamentiň we giň jemgyýetçiligiň, milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň hemmesiniň, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş, ylym we sport ulgamlarynyň, şeýle hem ýurduň sebitleriniň ählisiniň wekilleri gatnaşdylar. Mundan başga-da, ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda hem baýramçylyk dabarasy giňden bellenilip geçildi.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tagallasy esasynda, Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen täze satyn alnan tehnikalaryň diňe goranmak häsiýetli Harby doktrinamyzy pugtalandyrmaga gönükdirilendigi dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde ýene-de bir gezek dabaraly harby ýörişiň üsti bilen subut edildi.