Futbolyň ägirdi, geçen ýylyň noýabr aýynda 60 ýaşynda aradan çykan Diego Armando Maradonanyň hatyrasa belentden tutular. UEFA bilen CONBEBOL merhum futbolçynyň hatyrasyny nazarda tutup, yklymyň çempionlarynyň arasynda ýörite duşuşyk geçirmek barada ylalaşdylar. Şeýlelikde, EURO 2020-niň çempiony Italiýa bilen KOPA Amerika 2020-niň çempiony Argentinanyň arasynda geljek ýylyň iýun aýynda duşuşyk geçiriler. Mälim bolşy ýaly, Maradona iki ýurduň futbolyna-da uly goşant goşupdy. Italiýanyň Neapol şäherinde oýnalmagy göz öňünde tutulýan duşuşyk baradaky beýleki jikmek-jik maglumatlar geljekki günlerde mälim ediler.