Türk dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk Geňeşine (Türk Geňeşi) agza ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji sammiti 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Stambulda geçiriler. “Türkmenistan Geňeşe synçy hökmünde gatnaşar” diýip, “Interfaks-Azerbaýjan” habar gullugy Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawusoglynyň beren beýanatyna salgylandy.
-Şu gün, Türk Geňeşine agza ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň maslahatynda 12-nji noýabrda Stambulda geçiriljek gurama agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji sammitiniň gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu sammitde Geňeş üçin taryhy ädimler belli bolar – diýip, Çawusoglu duşenbe güni Türk Geňeşiniň ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň ýygnagyndan soň Ankarada geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.
Türkiýäniň daşary syýasat edarasynyň başlygy Stambul sammitinde Türkmenistanyň Türk Geňeşine synçy hökmünde goşuljakdygyny aýtdy. – Şeýlelik bilen, biziň “maşgala suratymyz” has-da kämil bolar – diýip Çawuşoglu belledi.
Şu ýylyň iýun aýynyň ahyrynda Aşgabatda Türk Geňeşiniň Baş sekretary Bagdat Amreýew bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň aýratyn dereje bilen Türk Geňeşine goşulyşmak mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşyldy.
Türk dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk Geňeşi 2009-njy ýylyň oktýabr aýynda döredildi. Gyrgyzystan, Azerbaýjan, Gazagystan, Özbegistan we Türkiýe Geňeşiň häzirki agzalarydyr.