Ýaponiýanyň dolandyryjy Liberal-demokratik partiýasynyň täze başlyklygyna saýlanan öňki daşary işler ministri Fumio Kisida ýurduň indiki Premýer-ministr bolar.

Täze başlyk Fumio Kisida diňe ikinji tapgyrda saýlanyp, sesleriň 427-den 257-sine eýe boldy. Onuň bäsdeşi, Ýaponiýanyň öňki daşary işler we goranmak ministri Taro Kono 170 ses aldy.

Şeýlelikde, Fumio Kisida indi Liberal-demokratik partiýanyň başlygy wezipesini ýerine ýetirýär we ýakyn wagtda Ýaponiýanyň 100-nji täze Premýer-ministri bolar.

Dolandyryjy partiýanyň täze başlygy öz wezipesini girişmäge taýýardygyny mälim etdi. Fumio Kisidanyň ileri tutulýan meseleleriniň biri hem Ýaponiýada koronawirusyň netijelerine garşy göreşmek üçin ykdysady çäreleri işläp düzmekden ybaratdyr.