Ýubileý – bu hemişe aýratyn sene bolup, ol geçilen uly ýoluň netijelerini jemlemäge hem-de geljege dykgat bilen garamaga mümkinçilik berýär. Agzybir we jebis halkymyz ruhubelentlik ýagdaýynda beýik baýramçylygyny – ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belledi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýokary döredijilik ruhuny şöhlelendirýän umumymilli dabaralar tutuş ýurdumyzda geçirildi.
Şanly baýramçylygyň öň ýanynda 25-nji sentýabrda paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda ýylyň esasy wakalarynyň birine öwrüldi. Taryhy mejlisde düýpli durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy ugurlary, açylýan mümkinçilikleri nazara almak bilen, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi döwürleriň we nesilleriň üznüksiz arabaglanyşygyna, türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen halk häkimiýetliligiň milli däplerine hem-de ata-babalarymyzyň paýhasly wesýetlerine ygrarlydygyna şaýatlyk etdi.
26-njy sentýabrda ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň şanyna, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanlaryna laýyklykda, döwletimiziň hem-de halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, milli däp-dessurlarymyzy aýawly saklamaga we baýlaşdyrmaga goşan goşantlary, köp ýyllaryň dowamynda çeken päk ýürekli zähmetleri, ýokary hünär ussatlyklary üçin ýurdumyzyň raýatlarynyň uly topary «Altyn asyr», «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordenleri, «Gaýrat», «Watana bolan söýgüsi üçin» medallary hem-de «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medallary bilen sylaglandylar. Halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini berkitmäge ýardam edýän netijeli jemgyýetçilik işleri, ýaşlary milli gymmatlyklarymyzy, taryhy mirasymyzy hormatlamak, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik we gahrymançylyk ruhunda terbiýelemek hem-de bilim bermek işine goşan şahsy goşantlary üçin ýurdumyzyň raýatlaryna «Zenan kalby» ordeni gowşuryldy hem-de «Hormatly il ýaşulusy» diýen at dakyldy. Döwlet sylaglaryna we hormatly atlara mynasyp bolan watandaşlarymyzyň sylaglanylmagy ýurdumyzda öz işiniň ussatlaryna, bilimlerini hem-de zehinlerini Watana çäksiz gulluk etmek işine bagyşlaýan adamlara aýratyn hormat bilen garalýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Hut şeýle adamlar – maksada okgunly, zehinli, wezipe borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirýän, ata Watanymyza peýda getirmäge çalyşýan adamlar ýaşlar üçin göreldedir.
Şol gün hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde paýtagtymyzda gurlan hem-de sebitde deňi-taýy bolmadyk Söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat, «Aşgabat» diýlip atlandyrylan binalar toplumy açylyp ulanmaga berildi. Täze desganyň eýeleýän meýdany, şol sanda onuň abadanlaşdyrylan çäkleri 8 gektara barabardyr. Bu ýerde 4 gatly söwda-dynç alyş merkezi, 6 gatly işewürlik merkezi hem-de döwrebap ýaşaýyş jaý toplumy, toý dabaralaryny geçirmek üçin 800 orunlyk iki gatly zal bar. Toplumyň düzümine 708 orunlyk ýerasty awtoduralga, awtoýuwalga hem-de ýeňil awtoulaglara hyzmat edýän merkezler, kafe, inženerçilik desgalary, suw çüwdürimi, estakada köprüsi, uzynlygy 309 metr bolan emeli akaba girýär. Şeýle hem seýilgäh zolagy döredilip, gül ekilen aýmançalar guruldy, oturgyçlar we çyralar bar.
27-nji sentýabrda baş baýramymyz – Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýy häzirki we geljekki nesilleriň hakydasynda beýik taryhy wakany – Watanymyzyň Garaşsyzlygyna eýe bolmagyny şöhlelendirýän Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasy bilen başlandy.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet münberiniň toplumynda baýramçylyk dabarasy we harby ýöriş geçirildi. Harby ýöriş türkmen Watan goragçylarynyň ýokary hünär ussatlygyny nobatdaky gezek görkezdi. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümi ýöriş ussatlygyny, harby tehnikalaryň we ýaraglaryň nusgalaryny görkezdiler.
Baýramçylyk ýörişine parlamentiň we giň jemgyýetçiligiň, milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň hemmesiniň, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş, ylym we sport ulgamlarynyň, şeýle hem ýurduň sebitleriniň ählisiniň wekilleri gatnaşdylar. Mundan başga-da, ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda hem baýramçylyk dabarasy giňden bellenilip geçildi.
Paýtagtymyzdaky Mejlisler merkeziniň sahnasynda sungat ussatlarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan konserti geçirildi. Esasy mazmuny 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygaryny özünde jemleýän bu konsert türkmen sungatynyň baý mümkinçiligini beýan edýän döredijilik görnüşleriniň hem-de ilkinji gezek ýerine ýetirilýän çykyşlaryň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygynyň hormatyna dabaralar paýtagtymyzyň günorta böleginde – Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada agşam hem konsert bilen dowam etdi. Bu ýerde, ýurdumyzyň şäherleriniň hem-de obalarynyň merkezi meýdançalarynda bolşy ýaly, ählihalk baýramy gününde ajaýyp aýdym-sazlar ýaňlandy. Şol aýdymlarda türkmen döwletiniň mukaddes nyşanlary, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri wasp edildi. Dabaralaryň ählisine hormatly Prezidentimiz hem gatnaşdy.
Şanly sene mynasybetli geçirilýän dabara howada dürli şekilleri we ýazgylary emele getirýän uçýan enjamlaryň şüweleňi hem-de täze taryhy eýýamyň baýramçylyklarynyň aýrylmaz nyşanyna öwrülen owadan feýerwerkler bilen tamamlandy. Ol köpdürli owadan yşyklary bilen ak mermerli Aşgabadyň gijeki asmanyny ýagtylandyrdy.
28-nji sentýabrda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda
hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dabaralar we baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi. Ahalteke bedewleri dürli aralyga geçirilen çapyşyklaryň ýedisinde özleriniň çalasynlygyny görkezdiler. Geçirilen çapyşyklaryň her birine atlaryň 12-si gatnaşdy. Ýaryşyň ýeňijilerine pul baýragy gowşuryldy.
Hawa, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halky tylla güýzüň ilkinji aýynda agzybirlikde, bir maşgala ýaly bolup, baş döwlet baýramyny – mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly toýuny uludan toýlady. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly ýörelgesinden ruhlanyp zähmet çekýän watandaşlarymyz ýurdumyzyň baş baýramyna uly zähmet ýeňişleri we üstünlikleri bilen geldiler. Ýurdumyzyň çar künjegi baýramçylyk lybasyna beslendi. Garaşsyzlyk toýuny toýlan halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze belentliklere, üstünliklere we sepgitlere ynamly gadam urýar. 30 ýyldan bäri öz garaşsyzlyk ýoluny dowam etdirýän ýurdumyz milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülip, parahatsöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan we uly üstünliklere beslenýän daşary syýasatynyň esasynda halkara jemgyýetçiligindäki abraýyny has-da artdyrýar.
Garaşsyzlyk baýramyňyz gutly bolsun! Berkarar döwletimiziň dowamaty dowam bolsun!