Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda dürli halkara çäreleri yzygiderli geçirildi. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary we konsullyklary tarapyndan maslahatlar, forumlar, sergiler, konsertler we başga-da birnäçe çäreler guraldy.
23-nji sentýabrda Hyrat şäherindäki Türkmenistanyň Baş konsullygy tarapyndan bu şanly senä bagyşlanyp maslahat geçirildi. Oňa Hyrat we Badhyz welaýatlarynda ýaşaýan türkmen kowçumlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentini we halkymyzy ýurdumyzyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de Türkmenistanyň owgan halkyna berýän dost-doganlyk goldawy we ynsanperwerlik kömegi üçin minnetdarlyk sözlerini beýan etdiler.
Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegine bagyşlanyp Türkiýäniň Kyrşehir Ahy Ewran uniwersitetiniň ýolbaşçylarynyň, professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň, şol sanda türkmen talyplarynyň gatnaşmaklarynda medeni çäre geçirildi. Çäräniň çäklerinde uniwersitetde okaýan talyplaryň konserti hem-de ýurdumyzyň medeni gymmatlyklarynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynyň sergisi geçirildi.
Mundan başga-da, ABŞ-nyň Sietl şäherinde «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we onuň daşary syýasatyndaky halkara başlangyçlar» atly maslahat geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy tarapyndan guralyp, oňa Türkmenistanyň raýatlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň bitaraplyk derejesine esaslanýan hoşniýetli daşary syýasaty barada gürrüň edildi. Duşuşyga gatnaşanlar halkara jemgyýetçiligi tarapyndan Türkmenistanyň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmeklige gönükdirilen hoşniýetli daşary syýasatyna ýokary baha berilýändigi barada belläp geçdiler.
Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky ilçihanasy hem baýramçylyk çäresini geçirdi. Oňa London şäheriniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary hem-de türkmen kowçumlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň barşynda syýasy, ykdysady, durmuş we medeni ugurlary boýunça Türkmenistanda amala aşyrylan uly özgertmeler barada gürrüň edildi.
Baýramçylygyň öňüsyrasynda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäheriniň merkezinde baş köçeleriň biri bolan Jalan Ampang köçesiniň ugrunda ýerleşýän ekranlarda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan wideo şekiller halk köpçüligine ýetirildi. Şeýlelikde, şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin Türkmenistan bilen, döwletimiziň daşary syýasaty hem-de ykdysady, medeni we sport ugurlarynda ýetilen sepgitler bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredildi.
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçihanasy tarapyndan şanly sene – türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi. Onuň dowamynda garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler hem-de içeri we daşary syýasatynyň ösüşi barada aýratyn bellenildi.
Bulardan başga-da, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Nur-Sultan şäherinde ýerleşýän «Nur Älem» muzeýiniň binasy Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň reňkleri bilen şekillendirildi. Bu waka türkmen halky üçin şanly senä bagyşlanan özboluşly baýramçylyk sowgady boldy.