Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylymda, sungatda, medeniýetde we dürli ulgamlarda yz galdyran ajaýyp şahsyýetleri tirsegine galdyrmaga, olaryň hyzmatlaryna mynasyp baha bermäge giň ýol açyldy. Geçmişe nazar aýlasaň, bitiren hyzmatlary, asylly işleri, ylym ulgamyna goşan goşantlary bilen halkyň hakydasynda baky ýaşaýanlar az däl. Şeýle şahsyýetleriň biri-de zehinli alym, ussat halypa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň agzasy, fizika-matematika ylymlarynyň doktory, professor, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi Gurbanberdi Garýagdyýewdir. Ol Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Myratberdi Sopyýew (şol wagtky Gämi) obasynda 1946-njy ýylyň 7-nji noýabrynda mugallymyň maşgalasynda dünýä inýär. Gurbanberdi Garýagdyýew başlangyç bilimi Aşgabadyň 8-nji orta mekdebinde alýar. 1964-nji ýylda oňa Daşkendiň politehniki institutynyň talyby bolmak miýesser edýär. Ol institutda göreldeli okamak bilen geçirilýän ylmy maslahatlara, jemgyýetçilik çärelerine işeňňir gatnaşýar. Gurbanberdi Garýagdyýew 1969-njy ýylda instituty göreldeli tamamlap, «Awtomatika we telemehanika» hünärini ele alýar. Ol zähmet ýoluna 1969-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda şol wagtky Türkmen politehniki institutynyň «Umumy elektrotehnika» kafedrasynyň mugallymy wezipesinden başlaýar. Oňa kafedra müdiri, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty, dosent Rejep Annamämmedow halypalyk edýär. Gurbanberdi Garýagdyýew 1971-nji ýylyň güýzünde Russiýa Ylymlar akademiýasynyň A.F.Ioffe adyndaky fizika-tehniki ylmy-barlag institutyna aspirantura gidýär. Ýaş we zehinli aspiranta dünýä belli fizik, Russiýanyň ylym we tehniki barada at gazanan işgäri, döwlet baýragynyň eýesi, fizika-matematika ylymlarynyň doktory, professor D.N.Nasledow ýolbaşçylyk edýär. Ol Merkezi Aziýadan bolan ilkinji aspirantyna häzirki zaman elektron gurluşlarynyň esaslary bolan ýarymgeçirijileriň häsiýetlerini derňemegi göz öňünde tutup, «In As ýarymgeçirijileriň fiziki häsiýetlerini, erkin zolagynyň gurluşyny derňemek» diýen ylmy işiň üstünde işlemegi teklip edýär. Gurbanberdi Garýagdyýew hem özüne bildirilen ynamy ödemek üçin işine erjellik bilen çemeleşýär. Nazary taýýarlygy bolan aspirant eksperimental barlaglaryň netijesinde uly ylmy maglumatlary toplady. Ol professor D.N.Nasledowyň ýolbaşçylyk edýän ýarymgeçirijiler tejribehanasynda kämilleşmek bilen, çylşyrymly ylmy barlaglary geçirmegiň täze usulyny döretmäge işjeň gatnaşdy. Geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde alnan maglumatlar ylmy žurnallarda çap edildi, ylmy maslahatlarda ara alnyp maslahatlaşyldy. Gurbanberdi Garýagdyýew 1975-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň alymlar geňeşiniň mejlisinde ylymlaryň kandidaty dissertasiýasyny gorady. Şeýlelik bilen hem ol fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejä we diploma mynasyp boldy. Ýaş alym ylmy we pedagogik işini döredijilikli dowam etdirýär. Ol şol wagtky Türkmen politehniki institutynyň fizika kafedrasynyň mugallymy wezipesinde işleýär we «Ýarymgeçirijileri derňemek» ylmy tejribehanasyny esaslandyrýar.
Görnükli alym hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek maksady bilen Moskwanyň tehniki uniwersitetinde, Belarus döwlet uniwersitetinde saparda bolýar we oňa degişli şahadatnamalar gowşurylýar. G. Garýagdyýewe 1984-nji ýylyň 4-nji iýulynda SSSR Ministrler Sowetiniň ýanyndaky seljerme toparynyň çözgüdi bilen dosentlik şahadatnamasy gowşurylýar. Şol wagtky Türkmen politehniki institutynyň fizika kafedrasynyň dosenti, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty, hormatly alym Gurbanberdi Garýagdyýew mugallymçylyk işini alyp barmak bilen doktorlyk dissertasiýasynyň üstünde hem işleýär. Ol ylmy işlerini şol wagtky Türkmen politehniki institutynda özüniň esaslandyran «Ýarymgeçirijileri derňemek» tejribehanasynda hem-de Ukraina Ylymlar akademiýasynyň ýarymgeçirjiler ylmy-barlag institutynyň «Ýarymgeçirijilerde fotoelektrik hadysalary» bölüminde ýerine ýetirdi. Bu bölüm 1960-njy ýylda döredilip, oňa ilkinji bolup Ukraina Ylymlar akademiýasynyň akademigi, fizika-matematika ylymlarynyň doktory, professor B.E.Laşkarýew ýolbaşçylyk edýär. 1970-nji ýyldan soň bu bölüme Ukraina Ylymlar akademiýasynyň agzasy, döwlet baýragynyň eýesi, fizika-matematika ylymlarynyň doktory, professor M.K.Şeýnikman ýolbaşçylyk edýär. Professor M.K.Şeýnikmanyň halypalyk etmeginde doktorant Gurbanberdi Garýagdyýew ylmy işini alyp barýar. Gurbanberdi Garýagdyýew ylmy işleri, öňe süren pikirleri bilen ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilen ylmy-amaly maslahatlara işeňňir gatnaşýar. Zehinli alym Gurbanberdi Garýagdyýew 80-den gowrak ylmy işiň we 4 sany ylmy açyşyň awtorydyr. Oňa bu açyşlary üçin SSSR-iň Oýlaptapyşlar we açyşlar döwlet komitetiniň degişli awtorlyk şahadatnamalary gowşuryldy.
Alnan netijeler boýunça toplumlaýyn ýarymgeçiriji elektron gurluşy ölçeýji enjamlar taýýarlanyldy. Olardan önümçilikde giňden peýdalanylýar. Şeýle-de, zehinli alym Gurbanberdi Garýagdyýewiň ýarymgeçirijilere degişli «Kadmiý tellur gatlagy» ady bilen uly göwrümli monografiýasy çapdan çykdy. Oňa professor M.K.Şeýnikman hem ýokary baha berýär. Zehinli doktorant Gurbanberdi Garýagdyýew «Toplumlaýyn ýarymgeçirijileriň elektrik, fotoelektrik häsiýetlerini derňemek» atly ylmy işini taýýarlap, Litwa Ylymlar Akademiýasynyň ýöriteleşdirilen alymlar geňeşinde doktorlyk dissertasiýasyny goraýar. Ol 1990-njy ýylyň 7-nji dekabrynda SSSR Ministrler Sowetiniň ýokary seljerme toparynyň çözgüdi bilen fizika-matematika ylymlarynyň doktory diýen alymlyk derejesine mynasyp görülýär, soňra hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993-nji ýylyň 16-njy oktýabryndaky Kararyna laýyklykda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň agzalygyna kabul edilýär. Şeýle-de, Türkmenistanyň ýokary attestasion komitetiniň 1994-nji ýylyň 17-nji ýanwaryndaky karary bilen Gurbanberdi Garýagdyýewe fizika we elektrotehnika kafedrasynyň professory diýen alymlyk derejesi berildi. 1995-nji ýyldan başlap şol wagtky Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň kafedra müdiri wezipesinde birnäçe ýyl zähmet çeken Gurbanberdi Garýagdyýew ylmy-guramaçylyk we pedagogik işleri bilen bir hatarda Türkmenistanda ylmy hünärmenleri taýýarlamaga uly goşant goşan meşhur alymlaryň hatarynda tanalýar. Kiçigöwünli, sadadan sypaýy alym fizika-matematika ylymlarynyň kandidatlarynyň onlarçasyny ýetişdirdi. Häzir olar ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýokary okuw mekdeplerinde döredijilikli zähmet çekýärler. Gurbanberdi Garýagdyýew şol wagtky Türkmen politehniki institutynyň rektory wezipesinde hem birnäçe ýyl zähmet çekýär. Bu ýyllarda ol ýokary okuw mekdepleriniň öňünde goýlan wezipelere jogap edip ylymly, bilimli, watansöýüji, arassa ahlakly ýaşlary, ýokary bilimli hünärmenleri ýetişdirmekde uly işleri amala aşyrdy. Gurbanberdi Garýagdyýew 2011-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda aradan çykýar.
Görnükli alymyň ylym-bilim ulgamyna goşan goşantlary hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary nazara alnyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2016-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda çykaran 7084-nji Permanyna laýyklykda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hemme ugurlar bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamynda hem özleriniň päk zähmeti bilen öçmejek yz galdyran halypalary ýatlamaga, olary hatyralamaga uly mümkinçilik bar. Görnükli alym Gurbanberdi Garýagdyýew baradaky ýatlamalar ýüregimizde ebedilik ýaşar.
Kakajan NURMUHAMMEDOW,
fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty.