1-nji oktýabrda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew Özbegistan Respublikasyndan ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy we himiýa senagaty üçin harytlary satyn almak boýunça taýýarlanýan teklipler barada hasabat berdi.
Şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 16-njy mejlisiniň geçirilendigi habar berildi. Mejlisiň çäklerinde obasenagat toplumynda söwdanyň möçberlerini artdyrmaga, esasan hem, oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny, mineral dökünleri, ösümlikleri goramak üçin himiki serişdeleri satyn almaga gönükdirilen ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
Mejlisiň jemleri boýunça 2022 — 2026-njy ýyllar aralygynda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan dürli görnüşli oba hojalyk gurallaryny we traktor tirkeglerini hem-de bugdaý we gowaça ösdürip ýetişdirmekde ulanylýan himiki serişdeleri satyn almak meýilleşdirildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan 2022 — 2025-nji ýyllar aralygynda oba hojalyk ekinleri üçin mineral dökünleri satyn almak boýunça degişli hasaplamalar geçirildi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, iki dostlukly ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy utgaşdyrmagyň hem-de ösdürmegiň netijeli guraly hökmünde toparyň ornuny we ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu toparyň işiniň, ilkinji nobatda, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň kuwwatyndan has netijeli peýdalanmaga gönükdirilendigini aýtdy. Şol hyzmatdaşlyk bolsa taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine, bilelikdäki işiň köpýyllyk tejribesine daýanýar.
Milli Liderimiz Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi hem-de gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.