4-nji oktýabrda – şu gün ýapon parlamentiniň aşaky palatasy dolandyryjy Liberal-demokratik partiýasynyň (LDP) başlygy Fumio Kisidany sesleriň köplügi bilen ýurduň 100-nji Premýer-ministri wezipesine saýlady. Ses berlişik parlamentiň web sahypasynda alnyp görkezildi.
Ses berişligiň netijesinde, Kisida 458 sesden 311-sini aldy. Ýaponiýanyň Konstitusiýa-demokratik partiýasynyň lideri Yukio Edano bolsa, 124 ses aldy.
Parlamentiň ýokarky palatasynda-da Kisidanyň dalaşgärligine deputatlaryň aglaba köplügi ses berdi – çünki LDP-niň ýolbaşçylygyndaky dolandyryş blogy parlamentiň iki palatasynda köplük bolup durýar.
Premýer-ministr saýlananda aşaky palata ýokarkydan ileri tutulýar we aşaky palatanyň sesleriniň netijesi täze hökümet baştutanyny kesgitleýär.
Şeýle-de şu gün Premýer-ministr Kisidanyň hökümetiniň düzümi yglan ediler. Daşary işler ministri Tosimisu Motegi we goranmak ministri Nobuo Kisiniň täze Ministrler Kabinetindäki wezipelerini saklamagyna garaşylýar. Öňki bilim, medeniýet, sport, ylym we tehnologiýa ministri Hirokadzu Masuno Ministrler Kabinetiniň Baş sekretarynyň möhüm administratiw wezipesine bellener. Maliýe ministrliginiň indiki başlygy Tokioda geçirilen Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna jogapkär öňki ministr Sýuiti Sudzuki bolar.
Kişida 29-njy sentýabrda dolandyryjy partiýanyň başlygy wezipesine girişdi. Täze başlygyň saýlanmagy, geçen ýyl Sinzo Abeniň wagtyndan öň işden aýrylmagy sebäpli bu wezipä bellenen Premýer-ministr Ýosihide Suganyň möhletiniň gutarmagy bilen baglanyşykly geçirildi. 2012-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli Ýaponiýanyň daşary işler ministri bolup işlän geljekki Premýer-ministr aram konserwatiw hasaplanýar. Ol Ýaponiýanyň goranyş potensialynyň berkidilmegini goldaýar.