Fransiýanyň çempionaty Ligue 1-de sanawyň lideri PSŽ myhmançylykda Rennden 2-0 asgyn gelip, şu möwsümde ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy. Messi, Neýmar, Mbappe, Di Mariýa ýaly ýyldyzlaryň bardygyna garamazdan 2-0 utulan PSŽ-niň derwezesinden gollary birinji ýarymyň ahyrynda, ýagny 45-nji minutda Lýabord, şeýle-de ikinji ýarymyň başynda, ýagny 46-njy minutda-da Te derwezä girizdi. Şeýlelikde, PSŽ şu möwsümde ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy. Ligue 1-de kem-kemden özüni dürseýän soňky çempion Lill hem öz meýdançasynda Dewidiň (28, 90+5) gollary bilen Marseli 2-0 hasabynda utdy.