2-nji oktýabrda Gruziýada geçirilen ýerli saýlawlarda “Gruzin arzuwy” partiýasy, sesleriň 46,65%-ine eýe bolup, ýeňiş gazandy. Bu barada  ýurduň Merkezi saýlaw topary sesleriň 99,92%-i sanalandan soňra mälim etdi.

Şol bir wagtyň özünde, “Milli hereket” partiýasy sesleriň 30,7%-ine eýe bolup, ikinji orunda gelýär.

Gruziýanyň öňki premýer-ministri Georgiýa Gahariýanyň “Gruziýa üçin” partiýasy sesleriň 6,87%-i bilen üçünji orny eýeleýär. Saýlawlara jemi 43 partiýa gatnaşdy.

Şeýle-de ýerli häkimiýetlere geçirilen saýlawlarda ýurduň ýaşaýjylary şäher we etrap mejlisleriniň wekillerini, şeýle-de 64 munisipalitetiň, şol sanda, Tbilisiniň merini saýlamak üçin ses berdiler.  Gruziýada şäher we etrap mejlisleri garyşyk ulgam, ýagny, proporsional we mažoritar ulgam boýunça işleýär. Tbilisiniň şäher geňeşine geçiş şerti 2,5%-e deň bolsa, beýleki merler üçin 3%-e deň. Soňky maglumatlara görä, 20 şäheriň hem-de etrabyň, şol sanda, Tbilisiniň meri wezipesine ikinji tapgyr saýlawlar geçiriler.

Gruziýada, takmynan, 3,5 million adamyň ses bermäge hukugy bar. Saýlaw güni tutuş ýurt boýunça 3,7 müňden gowrak saýlaw uçastogy işledi.