Ýewropanyň ikinji belent gerişi bolan Mont Blanyň üstündäki buz gatlagynyň eremegi netijesinde boýunyň bir metr ýaly gysgalandygy mälim edildi. Munuň global maýylganlyk bilen baglydygy aýdylýar. Fransiýa-Italiýa araçägindäki Mont Blan depesindäki buz gatlygynyň howanyň gyzmagy bilen eräp başlandygy we 2017-nji ýyldaky iň soňky ölçegden bäri bir metre golaý gysgalandygy habar berildi. Alp daglarynyň iň beýik nokady häzirki wagtda 4807 metr. Bu görkeziji 2017-nji ýylda 4808 metr eken. Sebitiň iň uly daglarynyň biri bolan Mont Blanyň beýikligi 2007-nji ýylda geçirilen ölçegde 4810 metr eken. Russiýadaky Elbrus dagy Ýewropanyň iň beýik gerişi hasaplanýar.