Germaniýanyň demirgazygyndaky Emsland sebitinde “Atmosfair” şereketi tarapyndan gurlan desgada suw we kömürturşy gazyndan elektrik energiýasyny ulanmak arkaly awiaýangyç öndürilip başlandy. Bu ýerde her günde bir tonna sintetik ýangyç öndüriler. Täjirçilik maksady bolmadyk “Atmosfair” şereketiniň wekilleri daşky gurşawa zyýansyz uçar ýangyjyny öndürmegiň tehnologiýa babatda mümkindigini görkezmek maksady bilen bu taslamany durmuşa geçirendiklerini belleýär. Desganyň açylyşyna gatnaşan ýurduň daşky gurşaw ministri Swenýa Şulz bu täze tehnologiýanyň Germaniýa hem-de onuň hyzmatdaşlary üçin uly mümkinçilikleri hödürleýändigini aýtdy. Ministr howa zeper ýetirýän ýangyçlaryň garşysyna alternatiwa ýangyçlara zerurlyk duýulýandygyna ünsi çekip, bu desganyň “nol kömürturşy gazy” maksadyna ýetmekde netije berýändigi subut edilen ýagdaýynda beýleki ýurtlarda hem şeýle desgalary gurup boljakdygyny belledi.
Desganyň gurluşygyny “Siemens” kompaniýasy amala aşyrdy. Germaniýanyň belli awiakompaniýasy “Lufthansa” bu desgada öndürilýän ýangyjyň ilkinji müşderisi boldy. Desganyň işlemegi üçin gerek bolan elektrik energiýasy golaýdaky ýel turbinalaryndan alynýar. Bu ýerdäki sintetiki ýangyç wodoroddan hem-de iýmit galyndylaryndan alnan biogazdan öndürilýär.
Bilermenler sintetik ýangyjyň atmosferadaky artykmaç kömürturşy gazynyň azalmagyna getirjekdigini belleýärler.