Soňky ýyllarda iň köp tälimçi çalşyrylýan çempionatlaryň biri hökmünde görülýän Türkiýäniň Süper Ligi bu özboluşlygyny şu möwsümde-de dowam etdirýär. 8 tapgyry tamamlanan çempionatda eýýäm 9 topar tälimçisini çalyşdy. Soňky 2 günüň içinde 3 topar tälimçisini ugratdy. Aýkut Kojamany ugradan Istanbul Başakşehir toparyndan soň, Ýeni Malatýaspor Irfan Buzy, Antalýaspor hem Ersun Ýanaly klubdan ugratdy. Häzirlikçe soňky 3 klubdan diňe Istanbul Başakşehiriň täze tälimçisi belli bolup, stambullylar Kojamanyň ornuna Emre Belözogluny wezipä belledi.
Möwsümiň ilkinji tälimçi ugradan topary Kasympaşa bolup, çempionat başlanyndan 2 gün soň Şenol Jany ugradypdy. Kaýserispor hem Ýalçyn Koşukawagyň oruna Hikmet Karamany, ýyldyz transferleri bilen hemmäniň ünsüni özüne çeken we 26 ýyldan soň Süper Lige dolanan Adana Demirspor Samet Aýbabany kowup, ýerine italiýaly Winçenzo Montellany wezipä belläpdi. Göztepe Ünal Karamany serbiýaly Nestor El Maestro bilen çalyşdy. Alanýasporda hem Çagdaş Atanyň deregine Bülent Korkmaz, 22-nji sentýabrda-da iň aşaky orunda barýan Çaýkur Rizesporda Bülent Uýgunyň ornuna-da Hamza Hamzaoglu tälimçilige bellenilipdi.