1970-nji ýyllarda meşhurlyk gazanan “Star Trek” filmlerinde Kapitan Körk keşbini janlandyran William Şatner kosmosa çykmaga taýýarlyk görýär. Film seriýalary 1970-nji ýyldan häzire çenli dürli teleýaýlymlarda goýberilip, meşhurlygyny ýitirmän geldi. Bu filmlerde birnäçe ýyllap baş keşbi janlandyran Şatner 12-nji oktýabrda “Blue Origin” kompaniýasynyň gämisi bilen 10 minutlyk kosmos syýahatyna gatnaşar. Şeýlelikde 90 ýaşly aktýor dünýäniň iň garry kosmos syýahatçysy bolar. Halypa aktýor täze zatlary barlap görmek üçin hiç haçan giç däldigini belleýär. Onuň keşp janlandyran filmleri köplenç kosmos giňişliginde bolup geçýärdi. Aktýoryň 12-sindäki syýahatynda iki sany biletli ýolagçy ýoldaş bolar. Ýerden 106 kilometre belentlige çykjak kosmos gämisiniň ýolagçylary planetany “kosmosyň gyrasyndan” synlamaga mümkinçilik alarlar.
Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 21-nji iýulynda “Blue Origin” kompaniýasynyň “New Shepard” kosmos gämisi arkaly şeýle syýahaty gurnapdy.