4-nji sentýabrda Efiopiýanyň federal parlamenti Aby Ahmed Alini Premýer-ministr wezipesine gaýtadan saýlandan soň, hökümet başlygy hökmünde kasam kabul etdi. Bu barada Efiopiýanyň “Fana” teleýaýlymy habar berdi. Kasamdan ozal aşaky palatanyň – Halk wekiller geňeşiniň wekilleriniň ses berişligi geçirildi.
Ahmediň ýolbaşçylygyndaky “Bagtyýarlyk” bileleşigi 21-nji iýunda geçirilen ählumumy saýlawlaryň birinji tapgyrynda parlamentde köplüge eýe bolupdy. Onuň wekilleri ses berişlik geçirilen 436 saýlaw okrugyndan 410-synda ýeňiş gazandy. Saýlawlaryň ikinji tapgyry 30-njy sentýabrda geçirildi.
Bäş ýyllyk möhlete saýlanan parlament Efiopiýanyň syýasy ulgamynda möhüm rol oýnaýar. Deputatlar ýurduň prezidentini saýlaýarlar we hökümet baştutany belleýärler.
Abiý Ahmed Ali 2018-nji ýylyň 2-nji aprelinden bäri Efiopiýanyň Premýer-ministri wezipesini ýerine ýetirip gelýär. 2019-njy ýylyň oktýabr aýynyň ortalarynda Nobel komitetiniň karary bilen Abiý Ahmed Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy bilen sylaglandy.
Efiopiýa federatiw demokratik Respublikasy Gündogar Afrikadaky deňze çykalgasy bolmadyk döwlet bolup, 100 milliondan gowrak ilaty bilen Afrikada iň köp ilatly ýurtdyr (Nigeriýadan soň). Paýtagty Addis Abeba.