UEFA Milletler Ligasynda ýarym finalyň birinji duşuşygy oýnaldy. Italiýanyň Milan şäherindäki San Siro stadionynda oýnalan oýunda Italiýa bilen Ispaniýa duşuşdy. Çekeleşikli we dartgynly bolan oýunda ýer eýeleri 2-1 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy. Ispanlara ýeňiş getiren gollaryň ikisini-de Oýarzabalyň paslaryndan soň Ferran Torres (17, 45+1) derwezä girizdi. Italiýanyň ýygyndysynyň kapitany hökmünde meýdança çykan Leonardo Bonuççi 30-njy we 41-nji minutlarda sary kart alyp, gyzyl kartdan soň meýdançadan çykaryldy. Oýnuň 83-nji minutynda Lorenzo Pellegrininiň geçiren goly italýanlara ýeňiş üçin ýeterlik bolmady.

Şeýlelikde, Italiýanyň 37 oýunlyk ýeňlişsiz ýörişi tamamlandy. 3 ýyldan gowrak wagtdan soň ilkinji utulan Italiýa şol 37 oýunda 28 gezek ýeňiş gazanyp, 9 sapar deňme-deň oýnady. Şol oýunlarda 93 gol geçirip, 12 gol geçirtdi. Italiýanyň ýygyndysy bu duşuşykdan öň soňky gezek 2018-nji ýylyň sentýabrynda Portugaliýadan asgyn gelipdi. Italiýanyň ýygyndysy şu duşuşyga çenli yzly-yzyna 40 oýunda 2 gol geçirtmän gelýärdi.

Italiýanyň ýygyndysy 1999-njy ýyldan soň öz meýdançasynda ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy. Şeýle-de italýanlar Milan şäherinde soňky gezek 1925-nji ýylda utulypdylar.

Gawi Ispaniýanyň milli toparynyň iň ýaş futbolçysy boldy (17 ýaş 62 gün). Ozalky rekord Anhel Zubieta degişli bolup, ol 1936-njy ýylda 17 ýaş 284 günlükkä çykyş edipdi.

Ispaniýanyň ýygyndysy 10-njy oktýabrda oýnaljak finalda şu günki Belgiýa – Fransiýa duşuşygynyň ýeňijisi bilen duşuşar. Utulan topar bolsa ýene-de 10-njy oktýabrda Turinde Italiýa bilen 3-nji ýer ugrunda güýç synanyşar.