Pagta, esasan, dokma senagatynda iň köp ulanylýan materiallardan biridir. Tebigylygy bilen tapawutlanýan bu önüm 5 yklymyň 75 ýurdunda 100 milliondan gowrak maşgala girdeji getirýär. Ilkinji gezek bellenilýän Bütindünýä pagta güni pagta pudagy we onuň ykdysady ösüşde we halkara söwdasynda möhüm orny eýeleýändigini görkezmek maksady bilen geçirilýär.
Pagta global haryt hökmünde taryhy ähmiýete eýe bolup, BMG-niň agza döwletleriniň birnäçesinde möhüm rol oýnaýar. 2003-nji ýylda Bütindünýä Söwda Guramasy pagta we pagta önümleri üçin bazara giriş mümkinçiliklerini gowulandyrmak üçin pagta başlangyjyny işläp düzdi.
2019-njy ýylda Afrikanyň Benin, Burkina Faso, Çad we Mali döwletleri Bütindünýä Söwda Guramasyna 7-nji oktýabry Pagty güni diýip yglan etmegi teklip edýär. Şeýlelikde bu senä bagyşlanan dabaralar şu ýyl üçünji gezek geçirilýär. Günüň kesgitlenmegi bilen ähli agza döwletler, BMG-niň guramalary, beýleki halkara we sebit guramalary we şol sanda hökümete degişli bolmadyk guramalar, halkara pagta gününi degişli tertipde we milli ileri tutulýan ugurlara laýyklykda bellemäge çagyrylýar.