Deri bedenimizi dürli tebigy täsirlerden gorap saklaýar. Howanyň üýtgemegi derä gönüden-göni täsir edýär. Paslyň çalyşmagy bilen ýylylygyň, çyglylygyň, ýeliň we ultramelewşe şöhleleriň üýtgemegi derä ýaramaz täsir edip bilýär. Şol sebäpli deri her pasylda başgaça idegi talap edýär. Sowuk howada deriniň gözenekleri berkleşýär we ýagyň bölünip çykmagy ýokarlanýar. Güýzde edilýän ideg tomus aýlarynyň derimize ýetiren täsirini aýyrmakda ähmiýetli bolup durýar. Sowuk howa derini guradýar. Şonuň üçin derimizi arassalamak, nemlendirmek we ideg etmek zerurdyr. Muny öý şertlerinde aňsatlyk bilen amala aşyryp bolar. Ilki bilen, derini arassalamaly we nemlendirmeli. Ýüzümize siňen tozany, hapalary aýyrmak üçin kosmetiki tämizleýjileri ýa-da tebigy nemlendiriji sabynlary ulanyp bilersiňiz. Derimiziň minerallaryny dikeltmek üçin tebigy usullaryň biri hem zeýtun ýagydyr. Bu ýag, esasanam, gury derini nemlendirmek we «janlandyrmak» üçin peýdalydyr. Mundan başga-da, köp suw içmek, gök önümler we miweler bilen iýmitlenmek derimiz üçin peýdalydyr. Lukmanlar miwedir gök önümleri diňe ýetişýän we tebigy şertlerde saklap bolýan wagtynda iýmegi maslahat berýärler. Deriniň çyglylygynyň deňagramlylygyny saklamak üçin her gün 2-2,5 litr suw içmek möhümdir. Çaý we kofe ýaly içgileriň hiç wagt suwuň ornuny tutmaýandygyny ýatdan çykarmaly däldir. Sowuk we şemally howada deri has köp guraýar. Munuň üçin nemlendiriji kremleri ulanmak maslahat berilýär.
Güýzde saça ideg etmek
Güýz paslynda saç gaty we inçe bolýar. Şol sebäpli has köp düşýär, goňaklamagy hem mümkin. Bu ýagdaýlar saça talabalaýyk ideg edilmedik ýagdaýynda ýüze çykýar. Güýz paslynda saçyňyzyň çeýeliginiň peselýändigi sebäpli adatdakysyndan solak görünmegi mümkin. Munuň sebäbi bolsa howanyň sowamagy netijesinde saçyň çyglylygynyň ýitmegi bolup durýar. Güýzde saç adatdakysyndan iki esse köp düşýär. Tomusda howuzda we deňiz suwunda, güýçli Gün şöhlesi, tozan saçyňyzyň guramagyna sebäp bolýar. Bularyň öňüni almak üçin ilki saçyňyzyň ýitiren çyglylygyny dikeltmeli. Tomusdaky ýaly her günde saç ýuwmagy bes etmeli. Saçyňyzdaky tebigy ýagyň saç üçin iň gowy ideg önümidigini we saçyňyzy näçe ýuwsaňyz, şonça-da guraklygyň ýüze çykyp başlaýandygyny ýadyňyzdan çykarmaň! Saçyňyzy hepdede 2 ýa-da 3 gezek ýuwuň! Gyzgyn suw däl-de, mylaýym suw ulanyň! Şampun we beýleki serişdelerden doly arassalamak üçin saçyňyzy mazaly durlamagy unutmaň! Sebäbi bu serişdeleriň galyndylary saçyň gysga wagtda hapa ýygnamagyna sebäp bolar. Kelle deriňizi owkalaň! Kelläni barmaklaryň ujy bilen tegelek hereketler bilen owkalamak gan aýlanyşyny ýokarlandyrýar. Bu bolsa saçyň diňe bir owadan görünmegine sebäp bolman, eýsem, onuň dökülmegini hem azaldar.