Dünýäniň abraýly awtoulag sergileriniň biri bolan Ženewa awtosalonynyň 2022-nji ýyldakysy ýatyryldy. Serginiň guramaçylary “Covid-19” pandemiýasynyň pudakda döreden meseleleriniň fewral aýynda göz öňünde tutulýan çäräni ýatyrmaga mejbur edendini bellediler. Ýolbaşçylar pandemiýa bilen gönüden-göni hem-de gytaklaýyn meseleleriň özlerini çykgynsyz ýagdaýa salandygyny aýdyp, bu serginiň 2023-nji ýylda has täsirli ýagdaýda geçirilmegi üçin işlejekdiklerini bellediler. Serginiň başlygy Mauris Turrettini uly tagalla edendiklerine garamazdan, hakykat bilen ýüzbe-ýüz bolandyklaryny aýtdy.
Alnan kararyň sergini ýatyrylmagy däl-de, yza süýşürilmegi hökmünde garaýandyklaryna ünsi çeken Turrettini 2023-nji ýylda has güýçli ýagdaýda dolanjakdyklaryny aýtdy.
Geçen ýylyň 5-15-nji marty aralygynda 90-njy Ženewa awtoulag sergisi hem pandemiýa sebäpli ýatyrylypdy.
Şweýsariýanyň paýtagty “Palexpo” sergi merkezinde geçirilýän sergide her ýyl müňe golaý awtoulag görkezilýärdi. Bu çärä dünýäniň dürli ýurtlaryndan 10 müňe gola žurnalist gatnaşýardy. Soňky ýyllarda bu çärä ortaça 600-700 müň myhman baryp görýärdi.
Ilkinji gezek 1905-nji ýylda geçirilen sergi 1924-nji ýylda halkara sergi kabul edilýär.