Energiýanyň global derejede sarp edilişi häzirki tehnologiýanyň we syýasatyň dowam eden ýagdaýynda 2020-2050-nji ýyllar aralygynda 50 göterim artjakdygy mälim edildi. ABŞ-nyň Energiýa Maglumat Edarasynyň (EIA) taýýarlan maglumatyna görä, esasan, Aziýadaky ösüp barýan ýurtlaryň hem-de kuwwatly global ykdysady ösüşiň energiýanyň sarp edilişini artdyrar. 2050-nji ýyla çenli energiýa çeşmeleriniň arasynda gaýtadan dikeldilýän energiýa has köp artar.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasyna agza bolmadyk ýurtlarda energiýanyň önümçiligi 2050-nji ýyla çenli iki esse köpeler.
Elektrik energiýasynyň önümçiliginde gaýtadan dikeldilýän çeşmelere has köp üns berilmegi we elektrik geçirijileriniň howpsuzlygynyň artdyrylmagy üçin edilýän tagallalar bütin dünýäde batareýa ulanylyşynyň ýaýbaňlanmagyna getirer.
Ilmyrat Ilýasow ,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.