Laboratoriýa şertlerinde dünýäniň iň sowuk temperaturasy emele getirildi. Howanyň temperaturasy birnäçe sekuntlap alsolýut nol diýlip atlandyrylýan 0 kelwine (-273.15 selsiý) golaý boldy. Şeýlelikde, laboratoriýa şertlerinde häzire çenli iň pes derejeli howa emele getirildi we hasaba alyndy. Germaniýanyň ýokary okuw mekdepleriniň hünärmenleri 0 kelwine 38 pikokelwin golaýlaşylandygyny bellediler. 1 pikokelwin 1 selsiý derejäniň trilliondan birine gabat gelýär. Bu dereje şeýle bir kiçi welin ony adaty durmuşda ulanylýan ölçeg birligi bilen hasaplap bolmaýar.

Mälim bolşy ýaly howanyň temperaturasy selsiý, kelwin we farengeýt ölçeg birlikleri bilen ölçenilýär. Farengeýt diňe ABŞ-da we käbir ýurtlarda ulanylýan bolsa, beýleki ýurtlarda adatça selsiý birliginden peýdalanylýar. Kelwin bolsa, gündelik durmuşda ulanylmaýar. Howanyň temperaturasy häzire çenli tebigy şertlerde ýa-da laboratoriýada absolýut nol hasaplanýan 0 kelwin bolmandy.

Absolýut sowuklyk mümkin bolup biljek iň sowuk howa hasaplanýar. 0 kelwine gabat gelýän bu temperaturada hiç hili energiýa bolmaýar. Alymlar mundan has sowuk howanyň bolup bilmejekdigini, sebäbi ýylylyk energiýasyny iň köp nola çenli düşürip boljakdygyny belleýärler.