8-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli sanly ulgam arkaly geçirilýän “Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady” atly alym-lukmanlaryň halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň direktory Hans Klýugeni kabul etdi.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri hem-de Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen ysnyşykly ýakyn hyzmatdaşlyk edýär, saglygy goraýyş meseleleri boýunça geçirilýän ähli halkara çärelere gatnaşýar.

Häzirki wagtda, bütin adamzadyň täze, ählumumy howp bolan koronawirus ýokanjynyň pandemiýasyna garşy göreş alyp barýan döwründe, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň çäklerinde hereketleri utgaşdyrmak ähli döwletler üçin örän möhümdir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Hökümetiniň koronawirusyň ýüze çykmagynyň ilkinji günlerinden başlap, onuň garşysyna göreşmek boýunça maksada gönükdirilen anyk çäreleri görüp başlandygyny nygtady.

Ýiti ýokanç keseliň wiruslarynyň ýurdumyza aralaşmagyna we ýaýramagyna ýol berilmedi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýurdumyz boýunça edarasynyň işjeň gatnaşmagynda Türkmenistanda döwlet derejesinde ýiti ýokanç keseline garşy göreşmäge hem-de netijeli çäreleri görmäge taýýarlygy üpjün etmegiň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy we tassyklanyldy.

Keseliň ählumumy häsiýetini we onuň dünýä döwletleriniň ählisine ýetirýän ýaramaz täsirini nazara almak bilen, ýurdumyzda Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topar döredildi. Onuň mejlisleriniň barşynda möhüm çözgütler kabul edildi. Ýiti ýokanç keseliniň wiruslarynyň öňüni almak boýunça toplumlaýyn çäreleri geçirmek göz öňünde tutuldy.

Ähli edaralarda we kärhanalarda, bilim edaralarynda, jemgyýetçilik ýerlerinde, söwda nokatlarynda hem-de bazarlarda, ulaglaryň ähli görnüşlerinde, serhetýaka zolaklarynda we ilatly ýerlerde öňüni alyş zyýansyzlandyryş-dezinfeksiýa işleri güýçlendirilen tertipde alnyp barylýar.

Bu babatda biz gerek bolanda ýiti ýokanç keseliň ýüze çykmalaryna meňzeş ýagdaýly şahslary saklamak üçin täze karantin merkezlerini gurup, aýry-aýry lukmançylyk edaralarynyň ugruny üýtgedip başladyk. Ýokarda görkezilen meýilnamanyň esasynda, zerur derman serişdeleri we degişli lukmançylyk enjamlary satyn alynýar.

Şunuň bilen birlikde, biziň ýurdumyzda ilatymyzyň arasynda waksinalaryň “Sputnik V” ýaly dürli görnüşleri bilen ählumumy sanjym işleri amala aşyrylýar. Şeýle hem, adamlaryň goraglylyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça netijeli çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, öz wagtynda görlen çäreleriň netijesinde, ýiti ýokanç keseliň wiruslarynyň ýurdumyza aralaşmagyna we ýaýramagyna ýol berilmedi.

Şeýle hem öz görýän çäreleri arkaly dünýä jemgyýetçiliginiň alyp barýan işlerine goşulyşyp, Türkmenistan koronawirusa garşy göreşmekde halkara tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen birnäçe möhüm başlangyçlar bilen çykyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz türkmen tarapynyň şol başlangyçlaryny ýatladyp, olaryň hatarynda, hususan-da, ýokançlaryň tebigatyny we häsiýetini öwrenmek üçin Genom lukmançylygyny ösdürmek boýunça bilelikde hyzmatdaşlyk; sebitde lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek; Wirusologiýa, bakteriologiýa we epidemiologiýa boýunça Merkezi Aziýa ýurtlary üçin sebit merkezini döretmek; ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça Türkmenistanyň oňyn tejribesini dünýä lukmançylyk tejribesine ornaşdyrmak; saglygy goraýşyň ilkinji basgançagynyň işini kämilleşdirmek boýunça bilelikde hyzmatdaşlyk etmek; Türkmenistany “Temmäkiden azat ýurt” diýip yglan etmek boýunça Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň usulyýetini işläp taýýarlamak wezipelerini görkezdi.

Ilatyň 70 göterimden gowragyna sanjym edildi

BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň direktory Hans Klýuge ýurdumyzyň ilatyň saglygyny goraýyş ulgamynda gazanan üstünliklerine ýokary baha berip, bularyň ählisiniň hormatly Prezidentiň amala aşyrýan, halk, onuň bagtyýar, sagdyn we abadan durmuşy barada hemmetaraplaýyn alada etmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň durmuş ugurlydygyna şaýatlyk edýändigini nygtady. Şol üstünlikler bolsa adamyň ömrüniň dowamlylygynyň uzalmagynda, keselleriň azalmagynda öz beýanyny tapdy.

Hans Klýuge hormatly Prezidentimize köpugurly hyzmatdaşlyga netijeli çemeleşýändigi hem-de täze görnüşli koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça umumy tagallalar üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Biziň ýurdumyzyň bu howply ýokanç kesele garşy göreşmekde öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Häzirki güne çenli ilatyň eýýäm 70 göterimden gowragyna sanjym edildi. Ýokary wezipeli myhman bu ýokary görkezijiler bilen gutlap, beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilende, Türkmenistanyň has öňde barýandygyny hem-de onuň amala aşyrýan toplumlaýyn çäreleriniň tutuş dünýäde ýokary baha mynasyp bolýandygyny nygtady.

Dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine berk eýerýän türkmen halkyna goňşy ýurtlara, şol sanda Owganystana uly goldaw berýändigi üçin hem hoşallyk bildirildi. Owganystana ynsanperwerlik kömegi yzygiderli berilýär, şol sanda derman serişdeleri hem-de lukmançylyk enjamlary ugradylýar.

Türkmenistanyň ýurdumyzyň çägine COVID-19 keseliniň getirilmeginiň öňüni almak üçin uly tagallalary edýändigi aýratyn nygtaldy. Myhman goňşy ýurduň serhedindäki gözegçilik-geçiriş nokadynda işleriň ýokary derejede guralandygyny öz gözleri bilen görendigini aýtdy. Munuň özi öňüni alyş çäreleriniň netijeli häsiýete eýedigini görkezýär.

Türkmenistan bu pandemiýanyň öňüni almak, şol sanda belli bir aralygy saklamak, lukmançylyk agyz-burun örtüklerini dakynmak, beýleki şahsy goranyş serişdelerini ulanmak babatda netijeli çäreleri gördi. Şunuň bilen baglylykda, BSGG-niň bu işi makullaýandygy hem-de geljekde hem Türkmenistana degişli goldawy berjekdigi nygtaldy.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy Türkmenistanyň ylmy diplomatiýanyň gurallaryny ilerletmek baradaky başlangyçlaryny, hususan-da, hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde BSGG-niň koronawirus genomyny öwrenmek boýunça Ýörite maksatnamasyny, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň pnewmaniýa garşy göreşmek boýunça köpugurly guralyny işläp taýýarlamak, BSGG-niň ýiti ýokanç keselleri bejermek we öňüni almak boýunça Usulyýet merkezini hem-de Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa boýunça Merkezi Aziýa sebit merkezini döretmek baradaky tekliplerini doly goldaýar.

Myhman milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmekde türkmen tarapyna mundan beýläk-de goldaw bermäge taýýardygyny aýdyp, okuw maslahatlaryny geçirmek, Türkmenistana dürli ugurly hünärmenleri ibermek tejribesini dikeltmegi, “Hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasynyň” çäklerinde täze geljegi uly ugurlarda, hususan-da, zenanlaryň saglygyny goramak babatda, sanly ulgamy ösdürmekde özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy teklip etdi.