France Football tarapynda berilýän futbolçylar üçin iň arzyly baýrak hasaplanýan “Altyn top” (Ballon d’Or” baýragynyň bu ýylky dalaşgärleri mälim edildi. Jemi 30 futbolçy dalaşgär görkezilip, olaryň arasynda baýragy iň köp alan iki super ýyldyz Lionel Messi bilen Kristiano Ronaldo hem bar. Şol sanda Robert Lewandowski, Kilian Mbappe, Neýmar, Erling Holann, Kewin De Bruýne, Romelu Lukaku, N’Golo Kante ýaly ýyldyz futbolçylar hem sanawa alyndy. Çempionlar Ligasynyň çempiony Çelsiden 5 futbolçy bolup, olaryň arasynda Italiýanyň ýygyndysynyň Ýewropanyň çempiony bolmagynda uly rol oýnan we baýragyň esasy dalaşgärlerinden diýlip görkezilýän Žoržinio hem bar.
Žurnal tarapyndan berilýän ýylyň derwezeçisi baýragy, ýylyň ýaş futbolçysy hem-de zenanlaryň arasyndaky “Ballon d’Or” baýragynyň dalaşgärleri-de mälim edildi.
Baýrak geçen ýyl pandemiýa sebäpli ýaryşlaryň togtadylmagy nazarda tutulyp, baýragy adalatly ýagdaýda gowşurylmazlygy mümkin diýen düşünje bilen hiç kime berilmändi.
“Ballon d’Or 2021”-iň ýeňijisi bilen bir hatarda beýleki baýraklaryň-da ýeňijileri 29-njy noýabrda mälim ediler.
Ballon d’Or 2021-iň dalaşgärleri
Romelu Lukaku (Çelsi)
N’Golo Kante (Çelsi)
Žoržino (Çelsi)
Sezar Azpilikueta (Çelsi)
Meýson Maunt (Çelsi)
Kewin De Bruýne (Mançester Siti)
Ruben Dias (Mançester Siti)
Fil Foden (Mançester Siti)
Rahim Sterling (Mançester Siti)
Riýad Mahrez (Mançester Siti)
Lionel Messi (PSŽ)
Kilian Mbappe (PSŽ)
Janluiji Donnarumma (PSŽ)
Neýmar (PSŽ)
Leonardo Bonuççi (Ýuwentus)
Jorjio Kiellini (Ýuwentus)
Kristiano Ronaldo (Ýuwentus / Mançester Ýunaýted)
Bruno Fernandeş (Mançester Ýunaýted)
Luka Modriç (Real Madrid)
Karim Benzema (Real Madrid)
Lautaro Martines (Inter)
Nikolo Barella (Inter)
Pedri (Barselona)
Žerar Moreno (Wilýarreal)
Luiz Suares (Atletiko Madrid)
Robert Lewandowski (Bawariýa)
Simon Keýer (Milan)
Mohamed Salah (Liwerpul)
Erling Hollan (Borussia Dortmund)
Harri Keýn (Tottenham)
Ýylyň iň ökde derwezeçisine berilýän “Yachine Trophee” baýragynyň dalaşgärleri:
Tibo Kurtua (Real Madrid)
Janluiji Donnarumma (Milan/PSŽ)
Ederson (Mançester Siti)
Samir Handanowiç (Inter)
Emiliano Martinez (Aston Willa)
Eduard Mendi (Çelsi)
Keýlor Nawas (PSŽ)
Manuel Noýer (Bawariýa)
Ýan Oblak (Atletiko Madrid)
Kasper Şmeýhel (Lester Siti)
Ýylyň iň ökde ýaş futbolçysyna berilýän “Kopa Trophee” baýragynyň dalaşgärleri:
Jud Bellingam (Borussiýa Dortmund)
Žeremi Doku (Renn)
Raýan Grawenberç (Aýaks)
Mason Grinwud (Mançester Ýunaýted)
Nuno Mendeş (PSŽ)
Jamal Musiala (Bawariýa)
Pedri (Barselona)
Jowanni Reýna (Borussiýa Dortmund)
Bukaýo Saka (Arsenal)
Florian Wirtz (Baýer)
Zenanlaryň arasynda “Ballon d’Or” baýragynyň dalaşgärleri
Kadidiatu Diani (PSŽ)
Fran Kirbi (Çelsi)
Jennifer Hermoso (Barselona)
Kristiane Endler (PSŽ/Lion)
Kristine Sinkleýr (Torns)
Eşli Lawrens (PSŽ)
Irene Paredes (PSŽ/Barselona)
Jessi Fleming (Çelsi)
Lieke Martens (Barselona)
Sandra Panos (Barselona)
Wiwiane Miedema (Arsenal)
Ellen Waýt (Mançester Siti)
Pernil Harder (Çelsi)
Samanta Mewis (Nort Karolina Kaurej)
Wendi Renar (Lion)
Marie-Antoinette Katoto (PSŽ)
Stina Blekstenius (Haken)
Magdalena Eriksson (Çelsi)
Sam Kerr (Çelsi)
Aleksia Putellas (Barselona)