Çehiýada parlamentiň aşaky palatasyna geçirilen saýlawlarda “Bilelikde” bileleşigi sesleriň 27,77%-ine eýe bolup, ýeňiş gazandy. Bu barada Çehiýanyň statistika gullugy mälim etdi. “Bilelikde” partiýa bileleşiginiň düzümine sagçy liberal Raýat demokratik partiýasy, Hristian demokratik partiýasy we “Däp-dessur, Jogapkärçilik, Ösüş 09” partiýasy girýär.
Çehiýanyň Premýer-ministr Andreý Babişiň ýeňiş gazanmagyna garaşylan ANO hereketi bolsa sesleriň 27,15%-ne eýe boldy. Premýer-ministr özüniň ýolbaşçylyk edýän ANO partiýasynyň parlament saýlawlarynda ýeňilendigini boýun aldy. Muňa garamazdan, ANO aşaky palatada iň güýçli partiýa bolup, parlamentdäki 200 ornuň azyndan, 70-sine eýe boljakdygy habar berilýär. Şeýle-de häkimiýet bileleşigini döretmek baradaky gepleşikler ýakyn günlerde başlajakdygy mälim edildi.
9-njy oktýabrda 10,7 million ilatly Çehiýa Respublikasynda geçirilen häzirki parlament saýlawlarynda ses bermäge hukugy bolan sekiz milliondan gowrak adam, 5200-den gowrak dalaşgäriň haýsysynyň kanun çykaryjy palatada 200 orny eýelejekdigini kesgitlediler. Bu bäsleşikde 22 syýasy hereket parlamentdäki orunlar üçin bäsleşdiler. Saýlawlara gatnaşyk 65,42% boldy.
Çehiýa Merkezi Ýewropadaky bir döwlet bolup, demirgazykda Polşa, demirgazyk-günbatarda Germaniýa, günortada Awstriýa we gündogarda Slowakiýa bilen serhetleşýär. Häzirki Çehiýa 1993-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda emele geldi. Paýtagt Praga syýahatçylyk merkezidir we ýurduň iň uly şäheridir. Çehiýa 2004-nji ýylyň 1-nji maýyndan bäri Ýewropa Bileleşiginiň agzasydyr.