Katar 2022 Dünýä Kubogy ýaryşynyň saýlama tapgyrynyň oýunlary dowam edýär. Günorta Amerika zolagynda geçirilen duşuşyklarda tapgyryň merkezi oýnunda Argentina bilen Urugwaý duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda argentinler 3-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Argentina ýeňiş getiren gollary Lionel Messi, De Paul hem-de Lautara Martines derwezä girizdi. Duşuşykda tapawutlanan Lionel Messi milli ýygyndydaky 80-nji goluny geçirdi. Messi 2021-nji ýylda milli topardaky 13-nji duşuşygynda 9-njy goluny öz adyna ýazdyrdy. Şeýle-de Messi Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrlaryndaky 27-nji goluny geçirip, ol bu ugurda 5-nji ýerde barýar. Bu babatda gwatemalaly Karlos Ruis 39 gol bilen 1-nji ýeri eýelýär. Eýranly Ali Daeiniň 35, Kristiano Ronaldonyň 33 hem-de Karim Bageriniň 28 goly bar.

Myhmançylykda Kolumbiýa bilen golsuz deňme-deň oýnan Braziliýa ilkinji gezek utuk ýitirdi. 11-nji tapgyrda Boliwiýa Peruny 1-0, Wenesuela Ekwadory 2-1, şeýle-de Çili Paragwaýy 2-0 ýeňdi.