Katar 2022 Dünýä Kubogyna gatnaşjak 32 ýygyndynyň ilkinjisi (ýer eýelerinden başga) belli boldy. Saýlama tapgyrynyň Ýewropa zolagynda “J” toparçada Germaniýanyň ýygyndysy myhmançylykda Demirgazyk Makedoniýany 4-0 hasabynda ýeňdi. Nemeslere ýeňiş getiren hem-de Dünýä Kubogyna gatnaşmaga ygtyýarnama beren gollary Hawers (50), Werner (70, 73) hem-de Musiala (83) derwezä girizdi. Bu ýeňişden soň Ermenistanyň hem myhmançylykda Rumyniýadan 1-0 utulmagy Germaniýanyň ilkinji bolup, Katar 2022 Dünýä Kubogynyň gatnaşyjysy bolmagyna sebäp boldy. Şeýlelikde, Germaniýanyň ýygyndysy 22-nji gezek geçiriljek Dünýä Kubogyna 20-nji sapar ýollanma gazandy. Ýeri gelende aýtsak, Germaniýanyň ýygyndysy birinji duşuşykda Demirgazyk Makedoniýadan öz meýdançasynda 2-1 utulyp, Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrlarynyň taryhynda 3-nji gezek ýeňlipdi.

Bu toparçadaky beýleki duşuşykda-da Islandiýa öz meýdançasynda Lihtenşteýni 4-0 ýeňdi. Toparçada pleý-off tapgyryna gatnaşmak ugrunda 13 utukly Rumyniýanyň, 12 utukly D. Makedoniýa bilen Ermenistanyň, şeýle-de 8 utukly Islandiýanyň arasynda ýiti göreş dowam edýär.