12-nji okt­ýabr­da pars şyg­ry­ýe­ti­niň dün­ýä bel­li be­ýik nus­ga­wy şa­hy­ry Ha­fyz Şi­ra­zy­nyň ýat­la­ma gü­ni bel­len­di. ÝU­NES­KO-nyň ka­ra­ry bi­len bu wa­ka mö­hüm se­ne­le­riň hal­ka­ra se­ne­na­ma­sy­na gi­ri­zil­di.

Şem­sed­din Mu­ham­met ibn Ba­ha­wed­din Ha­fyz Şi­ra­zy dün­ýä­niň iň be­ýik li­rik­le­ri­niň bi­ri, pars ede­bi­ýa­ty­nyň bol­sa iň meş­hur lirik şa­hy­ry­dyr. Ol Gün­do­gar­da ýa­şan döw­rün­den bä­ri meş­hur­dyr hem şöh­rat­ly­dyr. Günbatarda bolsa ol XVIII asyrdan bäri belli bolup gelýär. Onuň öm­ri hak­da ta­kyk mag­lu­mat­lar az bol­sa-da, ro­wa­ýat­lar köp. Ha­fyz köp san­ly aja­ýyp ga­zal­la­ryň aw­to­ry­dyr. Onuň goş­gu­la­ry pars şyg­ry­ýe­ti­niň ýo­ka­ry de­re­je­si ha­sap­lan­ýar. Ol Eý­ran­da hä­zir­ki gün­le­re çen­li öw­re­nil­ýän şah­sy­ýet­le­riň bi­ri­dir.
Ol 1321-nji ýyl­da Şi­raz­da do­gul­ýar. Ýaşlykda kakasy aradan çykansoň, Şemseddin Muhammet öz-özüni eklemeli bolýar. Näçe kyn düşýän hem bolsa, ol bilim almagyny erjellik bilen dowam etdirýär. Ha­fyz 8 ýa­şyn­da­ka Gur­ha­ny ýat­dan bi­lendi­gi üçin «ha­fyz» ta­hal­lu­sy­ny alyp­dyr. Şeý­le hem ol ça­ga­lyk ýyl­la­ryn­dan Ru­my­nyň, Sag­dy­nyň, At­ta­ryň we Ny­za­my­nyň eser­le­ri bi­len ta­nyş bo­lup­dyr. Ol med­re­se­de go­wy bi­lim alyp, arap di­li­ni su­wa­ra bi­lip­dir. Ha­fyz 21 ýa­şyn­da­ka Şi­raz­da At­ta­ryň okuw­çy­sy bo­lup­dyr. Arap, pars edebiýatyny düýpli özleşdirýär, filosofiýany, ylaýta-da sopuçylyk filosofiýasyny ilik-düwme öwrenýär. Ol eý­ýäm şol dö­wür­den goş­gy düz­mä­ge gi­ri­şip, söý­gi, te­bi­ga­tyň gö­zel­li­gi we gül­ler ha­kyn­da köp san­ly li­ri­ki ga­zal­la­ry dü­züp­dir.
Şem­sed­din Mu­ham­met Ha­fyz öm­rü­niň ahy­ryn­da uly şöh­ra­t ga­zan­ýar. Öz döw­rün­de Ha­fyz Mu­zaf­fa­ry­lar ha­ne­da­ny­nyň köş­gün­de bo­lup, ola­ryň kä­bi­ri hak­da ka­sy­da­lar – öw­gü­ler ýa­zyp­dyr. Ha­fyz Şi­ra­zy 1390-njy ýylda panydan bakyýa göç edipdir we Şi­raz­da­ky Ruk­na­bat der­ýa­sy­nyň bo­ýun­da­ky Mo­sal­la se­ýil­gä­hin­de jaý­la­nyp­dyr. Ol ara­dan çy­kan­dan soň­ra onuň goş­gu­lar ýy­gyn­dy­sy jem­le­nip, uly göw­rüm­li «Di­wa­ny» peý­da bol­ýar. 1452-nji ýyl­da Teý­mi­riň og­ly Abul­ka­sym Ba­bur şa­hy­ryň ma­za­ry­nyň üs­tün­de güm­mez gal­dyr­ýar. Ha­fy­zyň aram­gä­hi Şi­ra­zyň esa­sy gö­zel ýer­le­ri­niň bi­ri bo­lup, ol ýe­re köp san­ly zy­ýa­rat­çy­lar gel­ýär. Se­ýil­gäh­däki aramgähiň başynda Ha­fy­zyň şy­gyr­la­ry sa­zyň as­tyn­da la­byz­ly okal­ýar.
Ha­fyz Şi­ra­zy türk­men des­sa­ny­na gi­ren ýe­ke-täk pars şa­hy­ry­dyr. XVIII asyr türk­men ede­bi­ýa­ty­nyň gör­nük­li we­kil­le­ri­niň bi­ri Ab­dyl­la Şa­ben­dä­niň «Gül-Bil­bil» des­sa­nyn­da ol aşyk­la­ryň pi­ri hök­mün­de su­rat­lan­dy­ryl­ýar. Hat­da onuň keş­bi kä ha­lat­da «we­li» hök­mün­de be­ýan edil­ýär.

Gur­ban­dur­dy Ho­ja­ýew,

Türk­me­nis­ta­nyň us­sat mu­gal­ly­my,

Et­rek et­ra­by­nyň Gy­zyl­ba­ýyr oba­sy­nyň ýa­şaý­jy­sy.