Katar 2022 Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynda Ýewropa zolagynyň “H” toparçasynda öňdebaryjylar ýeňiş gazandy. Sanawyň lideri Niderlandlar öz meýdançasynda Gibraltary 6-0 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda Memfis Depaý 2 gol geçirdi. Norwegiýa bolsa Elýunussiniň gollary bilen Garadagy 2-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Şeýle-de 3-nji orunda barýan Türkiýäniň ýygyndysy myhmançylykda Latwiýa bilen duşuşdy. 70-nji minutda ýer eýeleri Merih Demiralyň öz derwezesinden geçiren goly bilen öňe saýlansa-da, türkler 6 minutdan soň Serdar Dursunyň goly bilen hasaby deňlediler. Duşuşygyň 90+9-njy minutynda eminiň bellän penalti urgusyny dürs uran Burak Ýylmaz Türkiýäniň ýygyndysyna ýeňiş getirdi. Şeýlelikde, Türkiýäniň milli topary Latwiýany tas bir asyrdan soň, ýagny 97 ýyldan soň ilkinji gezek ýeňmegi başardy. Başgaça aýdylanda, 35 müň 527 günden soň ýeňdi. Soňky gezek 1924-nji ýylyň 22-nji iýunynda Latwiýany ýeňen Türkiýe şol 97 ýyllyk döwürde 5 gezek deňme-deň oýnady, 1 sapar hem utuldy.