Köp adam ir bilen kofe içip, işe başlamagyny kem görenok. Emma dünýäde dürli sebäplere görä, kofe hasylynyň mukdary azalýar. Şeýle bolansoň, alymlar emeli kofe döretmegiň aladasyny edýär. Finlýandiýaly alymlar laboratoriýa şertlerinde kofe öndürdiler. Öndürilen kofeniň tagamynyň we ysynyň adaty kofeden tapawutsyzdygy mälim edildi. Finlýandiýa adam başyna iň kofe sarp edilýän ýurt hasaplanýar. Ýurduň tehniki barlaglar merkeziniň (VTT) hünärmenleri kafe ösümliginiň ýapraklaryndan alnan öýjüklerden kofe dänelerini öndürdiler. Taslama ýolbaşçylyk edýän Heýko Rişer bu kofeniň ys we tagam babatda adaty kofeden tapawudynyň ýokdugyny belleýär. Bu açyşyň suw we çaýdan soňra dünýäniň iň köp sarp edilýän içimlik bolan kofe senagaty üçin uly ösüşdigi bellenilýär. Häzirki wagtda kofe senagatynda milliardlarça dollarlyk pul dolanyşygy bar. Her ýylda 220 million tonna kofe öndürilýär. Munuň üçin müňlerçe gektar ýer ekilýär.

Rişer emeli kofeniň giň ekin meýdanlaryna zerurlygy aradan aýyrjakdygyny mälim etdi. Alymyň sözlerine görä, adaty ekerançylygyň deregine biotehnogiýany ulanmak we şol sebäpli dowam etdirip bolmajak usullara has az garaşly bolan alternatiw ýollar tapylmaly. Täze usulda bolsa, pasla garaşmaga we oba hojalyk dermanlaryna zerurlyk ýok. Täze önümiň söwda maksatly önümçiliginiň ýene-de dört ýyldan amala aşyrylyp bilinjekdigi bellenildi.